Bagtyýar çagalyk – kämil geljegiň binýady

3

Milletiň dowamatyny, ojaklaryň ýylylygyny hem-de jemgyýetiň röwşen geljegini alamatlandyrýan çagalar dünýäniň iň uly baýlygydyr. Hut şu baha ýetmez gymmatlyga ünsi çekmek, olaryň bagtyýar we asuda durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 1-nji iýunynda bütin dünýäde Çagalary goramagyň halkara güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu sene dünýä jemgyýetçiliginiň ösüp gelýän ýaş nesli mähir-muhabbet, kämil terbiýe we sagdyn gurşaw bilen gurşap almak baradaky beýik borjuny ýene bir gezek ýatladýan taryhy wakadyr. Adamzat jemgyýetiniň söýgä, goraga mätäç agzalary bolan çagalaryň hukuklarynyň goralmagy, olaryň döwrebap bilim almagy hem-de beden taýdan sagdyn kemala gelmegi islendik döwletiň ynsanperwerlik derejesiniň esasy görkezijisidir.
Türkmenistanda halkara baýramçylyklaryň hatarynda aýratyn orun tutýan bu sene ýurdumyzda her bir çaganyň bagtyýar çagalygynyň kepillendirilýändiginiň beýanydyr. Döwlet tarapyndan ýaş nesilleriň kadaly ösmegi, kämil ylym-bilim almagy we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda çagalaryň saglygyny berkitmek, olaryň zehin-başarnyklaryny açyp görkezmek we jemgyýetiň mynasyp agzalary bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet maksatnamalarynyň we kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi netijesinde, eneligi we çagalygy goramak wezipesi belent derejelere göterildi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleri ýurdumyzda her bir çaganyň mähirden hem-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär.
Milli terbiýeçilik mekdebiniň asyrlarboýy kemala gelen kämil ýörelgeleri häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, maşgalada we terbiýeçilik edaralarynda çagalaryň milli ýörelgelerine esaslanyp ulyny sylamak, kiçini ezizlemek ýaly häsiýetlerine aýratyn üns berilýär. Çagalaryň durmuşynda iň möhüm tapgyrlaryň biri hem olaryň mekdep durmuşyna, ýagny bilim dünýäsine ätleýän ilkinji ädimleridir. Türkmenistanyň bilim ulgamynda irki taýýarlyk, ýagny başlangyç synp okuwçylarynyň mekdebe uýgunlaşmagyny üpjün etmek boýunça ylmy esasly çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Çagalar baglaryndan mekdep bosagasyna geçilýän döwürde körpeleriň psihologik, fiziki we aň taýdan taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Başlangyç synplarda okuw maksatnamalary çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda taslanylyp, olar diňe bir hat-sowat öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem logiki pikirlenmäni, bilesigelijiligi we döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Mekdebe irki taýýarlygyň çäklerinde häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylyp, her ýyl 1-nji synpa gadam basýan okuwçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan şahsy noutbuklaryň sowgat berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu sanly tehnologiýalar başlangyç synp okuwçylarynyň dersleri gyzykly we oýun görnüşinde, interaktiw usulda özleşdirmeklerine kömek edýär. Irki ýaşdan başlap çagalarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna bolan ilkinji endikleriň kemala getirilmegi olaryň geljekde dünýä derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleriniň ilkinji şertidir. Şeýle hem, başlangyç synplarda okuw gurnaklarynyň guralmagy, daşary ýurt dilleriniň we matematiki pikirlenmäniň esaslarynyň ýeňilleşdirilen usullar bilen öwredilmegi körpeleriň aň-bilim ösüşini ep-esli çaltlandyrýar.
Maşgalanyň we mekdebiň özara kämil hyzmatdaşlygy, döwrebap bilim özgertmeleri we körpelere berilýän çäksiz üns-alada netijesinde, ýurdumyzyň bagtyýar çagalary parahat durmuşda kämil geljege tarap ynamly gadam urýarlar. Beýik maksatlara ýugrulan bu işler şanly taryhymyza we milli gymmatlyklarymyza daýanyp, kämil we ylymly nesilleriň kemala gelmegini kepillendirýär.

Meňli Gurbangeldiýewa
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.