Asyrlaryň dowamynda özüniň üýtgewsiz gözelligini we berkligini saklap gelen türkmen halylary dünýä medeniýetiniň iň seýrek hazynalarynyň biridir. Türkmen halysy diňe bir ýüňden dokalan nepis senediň önümi bolman, eýsem, asyrlarboýy kalbynyň owazyny göze görünýän sungata öwren halkyň janly taryhydyr. Bu taryhyň iň syrly we iň täsirli sahypasy bolsa onuň reňk dünýäsidir.
Türkmen halysynyň reňk aýratynlygy ýöne bir reňkleriň utgaşmasy däl-de, eýsem, sähranyň erkinligi, jöwzaly Günüň ýylylygyny we halkyň wepalylyk, durnuklylyk baradaky pelsepesini dünýä aýan edýän syrly bir dildir.
Ençeme ýylyň dowamynda kämilleşen türkmen halyçylyk sungaty diňe bir gözelligi bilen däl, reňkleriň özboluşly sazlaşygy we olaryň aňladýan pelsepewi manylary bilen dünýäni haýrana goýýar. Türkmen halysyny dünýä tanadan görkezijileriň biri haly önümçiliginde ulanylýan tebigy boýaglardyr. Tebigy boýaglaryň syryny pederlerinden miras alan türkmen zenanlary haly ýüzünde solmaýan, asyrlar geçse-de, özüniň öwüşginini ýitirmeýän reňkleri döredipdirler. Haly ýüpleriniň boýalyşynyň inçe syrlary bolup, ol nesilden-nesle geçip biziň günlerimize gelip ýetipdir. Otlaryň dermanlyk güýjüni süňňüne siňdiren halylar ýyl geçdigiçe läle ýaly reňk saçýar. Şol sebäpden halylaryň takyklygy, ýiti reňki uzak wagtlap saklanýar.
Türkmen halysy geçmişiň, geljegiň beýany irki döwürlerden bäri halylaryň we haly önümleriniň ýerligi, gölleri, nagyşlary, esasan, gyzyl reňkde dokalyp gelinýär. Türkmen halylarynda gyzyl reňkiň agdyklyk etmegi dürli delilleriň, mysallaryň üsti bilen beýan edilýär. Gyzyl adamzat tarapyndan irki döwürlerde ulanylyp başlanan reňk hasaplanylýar. Arheologlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň çäklerinde irki daş asyrynda ýaşan adamlar diýlip, Hazar deňziniň kenaryndaky Gaýly, Jebel, Damdamçeşme ýaly gowaklarda ýaşan adamlar hasaplanylýar. Şol gowak adamlarynyň ýaşaýyş, şertleri, däp-dessurlary, adatlary öwrenilende, şol döwürlerde daş gurallaryny, degirmenleri, aw gurallaryny, aýal-gyzlaryň bezeg şaýlaryny, küýzeleri, sokulary ýasap bilendikleri, olaryň ýönekeý bezegleri bilen ýerligi gyzyl nagyşlary bolsa gara reňk bilen bezäp bilendikleri ýüze çykaryldy. Miladydan öňki we miladynyň I asyrlarynda ýaşan grek alymy Strabon türkmenleriň ata-babalary bolan massagetleriň öz geýimlerini agaçlardan alynýan tebigy reňkler bilen boýandygy barada belläp geçipdir. Bu bolsa şol döwrüň adamlarynda reňk, boýag, bezeg, çeperçilik barada ilkinji düşünjeleriň şeýle hem köp zatlaryň ýerliginiň gyzyl reňkde bolandygyny bellemek gerek.
Gahryman Arkadagymyz döredijilik ylhamynyň miwesi bolan “Janly rowaýat” kitabynda tebigy boýaglaryň hersiniň öz aýratynlygy barada: “Gyzyl – ömrüň reňki, gök – asman we suw, ak – hakykatyň we danalygyň alamaty, sary – kämillik, ýaşyl – ýaşlyk we ýaz…” diýip belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyz nepis türkmen halysy barada ajaýyp sözleri goşgy setirlerine siňdiripdir:
Çal başly Horasan dagyndan başlap,
Döwürlerden aşyp, menzil gulaçlap
Türkmeniň halysy-göýä ki nur ol,
Taryhyň ýüzünde düşelgi dur ol.
Häzirki wagtda türkmen sährasynyň öri meýdanlaryndaky dürli görnüşli ösümliklerden ajaýyp reňkleri almakda türkmen halyçylary uly tejribä eýe bolup durýar. Çöpboýadan dürli öwüşginli gyzyl reňk alynýar. Sary reňk sary çöp diýen otdan, mele reňk nar gabygyndan taýýarlanýar. Ýaşyly çekize we üzüm sirkesi bilen garylan mis gyryndysyndan ýasapdyrlar. Ýüň ýüplüklerini reňklemek üçin düýp soganyň gabygy, üzüm şahasynyň baldagy, ýowşan, zirk, üzärlik, guradylan nar gabygy, ýaňy bişip barýan hozuň gabygy peýdalanylýar. Dürli minerallar hem-de dub, çynar, gara söwüt ýaly agaçlarda reňk beriji agaçlar hasaplanylýar. Olary hem ýygyp guradyp boýag hökmünde ulanyljak wagtyna çenli uzak wagtlap saklapdyrlar.
Irki döwürlerde gök hem-de goýy gyrmyzy boýaglar Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen daşary ýurtdan getirilendigi üçin az mukdarda ulanypdyrlar.
Ak, mele, gara, çal ýüplükler boýalman egrilip, tebigy öwüşginde bolupdyr. Mämişi reňki almak üçin birnäçe reňkleri garypdyrlar. Reňkleriň görnüşlerini baýlaşdyrmak maksady bilen, halyçylarymyz öz işlerinde ösümliklerden alynýan adaty tebigy boýaglar bilen bir hatarda emeli boýaglary hem ulanýarlar.
Bu günki gün ýurdumyzda şeýle ajaýyp gymmatlyklarymyz täzeden dikeldilip, halyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilip, halyçy gelin-gyzlarymyz üçin amatly şertler döredilýär.
Şeýle ajaýyp döwürde biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Aýgül Jumaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmeni.
PDF









