Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeginde hormatly Prezidentimiziň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleri uly ýardam berdi. Olar ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykardylar we dünýä derejeli möhüm açyşlary etdiler. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hormatly Prezidentimiz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär. Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen beýik maksatlary bilen hem dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
Birnäçe bölümden ybarat «Gadymy Änewiň täsinligi» atly bapda kökleri müňýyllyklara uzaýan şäheriň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri barada gürrüň berilýär.
«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilipdir. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki bu kitap ýurdumyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekýär.
«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitapda ajaýyp pikir-garaýyşlaryň taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologiýa, etnografiýa, edebiýat, paleografiýa, geografiýa ýaly ylymlaryň maglumatlarynyň halk hakydasynda orun alan rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy baradaky çuňňur biliminden, giň gözýetiminden, ýiti zehininden habar berýär. Täze eseriň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly orna eýe boljakdygyny bellemek bolar. Täze kitapda Diýarymyzyň baý taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalary barada getirilen anyk mysallaryň ýaşlar üçin ähmiýeti örän uludyr.
Şeýle gymmatly kitaby bilen halkymyzy begendirendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Muhabbet Döwletowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.