Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sa­ýa­syn­da Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rü­niň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň şan-şöh­ra­ty dün­ýä dol­ýar. Biz bu gün da­na şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk to­ýu­na bar­ýa­rys. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» goş­gu­syn­da şeý­le aja­ýyp söz­ler bar:
Baş egip kül­li türk­me­niň eziz ja­na-ja­ny­na,
Müň to­gap bi­len biz bar­ýa­rys ýa­ny­na.
Ba­ry­my­zy şä­rik ed­ýär ägirt şöh­rat-şa­ny­na,
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şan-şöh­ra­ty dün­ýä dol­dy. Dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy Jem­şi­diň ja­my­na de­ňel­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da da­na Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi mil­li çäk­ler­den, dil­le­riň ser­he­din­den çy­kyp, tu­tuş tür­ki dün­ýä­niň, on­dan uzak­da­ky ýurt­la­ryň hem şa­hyr­la­ry­na öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rýär. ÝU­NES­KO-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň çöz­gü­di esa­syn­da şa­hy­ryň ýu­bi­le­ýi­niň 2024-2025-nji ýyl­lar­da bu gu­ra­ma bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­jek şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şul­ma­gy, 2024-nji ýy­lyň «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­me­gi uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Söz us­sa­dy­nyň ÝU­NES­KO-nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zi­len gol­ýaz­ma­la­ry bol­sa giň ge­og­ra­fik çäk­le­re, şol san­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň hä­zir­ki çäk­le­ri, Ow­ga­nys­tan, Eý­ran, Rus­si­ýa, Ýa­kyn Gün­do­gar, Kaw­kaz se­bit­le­ri ýa­ly şa­hy­ryň öz döw­rün­de ba­ryp gö­ren ýer­le­ri­ne ýaý­rap­dyr. Mag­tym­gu­ly baş­ga ül­ke­le­re aý­la­nyp, türk­men­le­riň halk dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň we­ki­li hök­mün­de öz Wa­ta­ny, mil­li däp-des­sur­la­ry ba­ra­da­ky bi­lim­le­ri hem ýaý­ra­dyp­dyr. Şun­luk­da, ol hä­zir­ki dö­wür­de «si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň dia­lo­gy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan öza­ra gat­na­şyk­la­ry iler­let­mä­ge-de go­şan­dy­ny go­şup­dyr.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň paý­ha­sa öw­rü­lip, hal­kyň kal­byn­da or­na­şan se­tir­le­ri tu­tuş bir um­ma­na ba­ra­bar­dyr. Ol şy­gyr­la­ryň ma­ny-maz­mu­ny yn­san­la­ra ýol gör­ke­zi­ji şam­çy­rag­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň mas­la­hat be­ri­ji se­tir­le­ri­ne, dur­şy bi­len paý­ha­sa öw­rü­len bent­le­ri­ne üns ber­len­de, olar­da dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ry ba­ra­da söh­bet açyl­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­mek bol­ýar. Ol paý­ha­sa öw­rü­len se­tir­ler şu gün­ki gün hem yn­san üçin ha­ky­ky öwüt-ün­dew çeş­me­si. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Mag­tym­gu­ly – yn­san kal­by­nyň ru­hy luk­ma­ny­dyr» di­ýip şa­hy­ryň eser­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­me­gi mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň poe­zi­ýa­syn­da ýug­ru­my ýe­ten se­tir­ler dür­dä­ne paý­has­la­ra öw­rü­lip, hal­ka ýol-ýö­rel­ge bol­mak hyz­ma­ty­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip gel­ýär. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik örü­si örän giň. Da­na şa­hyr dur­mu­şyň haý­sy ug­ry ba­ra­da söh­bet aç­sa-da, kal­by­nyň tö­rün­den sy­zy­lyp çy­kan se­tir­le­ri dert­le­re der­man bo­lup ýaň­lan­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de şa­hy­ryň öň­den­gö­rü­ji­lik, we­li­lik bi­len aý­dan söz­le­ri ber­jaý bol­dy. «Ber­ka­rar döw­let is­lä­rin» di­ýip, ar­zuw­lan şa­hy­ryň is­le­gi bu gün ha­syl bol­dy. Şyg­ry­ýet äle­min­de daň ýyl­dy­zy ki­min lo­wur­dap du­ran, akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga hal­ky­my­zyň goý­ýan sar­pa­sy bi­möç­ber­dir.

Aman­täç AGA­LI­ÝE­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.