Ýurdumyzda ýaş nes­liň ru­hu­be­lent, berk be­den­li bol­ma­gy, aň-bi­lim taý­dan ös­me­gi we ter­bi­ýe­si üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Munuň netijesinde bi­lim­li, ter­bi­ýe­li, mak­sa­da ok­gun­ly ne­sil ke­ma­la gel­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­ny we dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek, şeý­le hem hal­ky­my­zyň me­de­ni, mil­li-ru­hy ýö­rel­ge­le­ri­ni, däp-des­sur­la­ry­ny saz­la­şyk­ly peý­da­lan­mak ar­ka­ly ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Bu ul­gam­da düýp­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ma­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň we be­lent sep­git­le­re ýe­tir­me­giň ýo­lun­da­ky mak­sat­na­ma­la­ýyn we­zi­pe­le­ri çöz­mek ýur­du­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek­de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu müm­kin­çi­lik­ler bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek­de we ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hil de­re­je­si­niň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ky­bap­daş bol­ma­gyn­da özü­niň ýo­ka­ry ne­ti­je­si­ni ber­ýär.
«Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk hem gül­läp ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Dün­ýä­de yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň kä­mil­leş­me­gi jem­gy­ýe­tiň in­tel­lek­tu­al baý­ly­gy­nyň art­ma­gy­na oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy hem ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň has oý­la­ny­şyk­ly ös­dü­ril­me­gin­de, yk­dy­sa­dy kuw­wa­tyň yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lyp, ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gyn­da, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş üp­jün­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gyn­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sy­ýa­hat­çy­lyk we beý­le­ki ul­gam­la­ryň işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gin­de has-da aý­dyň du­ýul­ýar.
Ylym ul­ga­my­ny döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­ma­gyň ge­ri­mi ýyl­sa­ýyn gi­ňel­ýär, gel­je­gi uly yl­my-bar­lag­la­ry, tej­ri­be-sy­nag we teh­no­lo­gik iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek go­wu­lan­ýar. Ýur­du­myz­da yl­my bar­lag­la­ryň, top­lum­la­ýyn yl­my iş­le­riň gi­ňel­dil­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Şol iş­le­riň ne­ti­je­le­ri bol­sa tej­ri­be­de giň­den ula­nyl­ýar. Ylym eda­ra­la­ry­nyň we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy ber­ki­dil­ýär, ola­ryň işi­ne iň tä­ze mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dy­ryl­ýar, şol san­da In­ter­net hem-de elekt­ron ki­tap­ha­na­lar ar­ka­ly dün­ýä­niň mag­lu­mat­lar bin­ýa­dy­na ýo­ka­ry tiz­lik­li el­ýe­ter­li­lik üp­jün edil­ýär.
Hä­zir­ki döw­ür­de bi­lim öz­gert­me­le­ri­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, nu­ra­na gel­je­gi­mi­ziň eýe­le­ri bo­lan ösüp gel­ýän bag­ty­ýar ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gy we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan oňat baş çy­kar­ýan, giň göz­ýe­tim­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. Ýur­du­my­zy ösüş­le­riň ýur­du­na, kä­mil bi­lim­le­riň me­ka­ny­na öwür­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Aý­gül BA­TY­RO­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.