Arassaçylyk serişdesi hasaplanýan çygly süpürgiç soňky ýyllarda durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Eýsem, elimizi, köwşümizi, okuw esbaplarymyzy, stoluň we oturgyjyň üstüni arassalamak üçin giňden ulanylýan çygly süpürgiç haçan oýlanyp tapyldyka?!
Çygly süpürgiç bir gezeklik ulanylýan arassaçylyk serişdesi bolup, dürli ysly we zyýansyzlandyryjy görnüşleri bar. Kiçijik mata bölejikleri ulanmak üçin oňaýly bolup, öý arassaçylygynda, lukmançylyk hyzmatlarynda we ofis işlerinde giňden peýdalanylýar.
Taryhy
Amerikaly kosmetolog Artur Julius çygly süpürgiji oýlap tapyjy hasaplanýar. Ol täze görnüşdäki arassaçylyk serişdesini oýlap tapmak üçin birnäçe synanyşyk edýär. 1957-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky öýünde güýmenip ýörkä, tötänlikde arassalaýjy erginiň üstüne mata bölegini gaçyrýar. Bir-iki sagat geçenden soň, hälki mata bölegini gözleýär we erginiň içine gaçandygyny görýär. Julius munuň täze oýlap tapyş boljakdygyna ynanýar we 1960-njy ýylda Çikagoda geçirilen milli restoran sergisine çygly süpürgijini getirýär. Şondan soňra arassaçylyk işini ýeňilleşdirýän erginli mata bölegi köpçülikleýin ulanylyp başlanýar.
Çaga süpürgiçleri
1950-nji ýyllarda maşgala syýahatlary köpelip ugransoň, çagaly ýolagçylar, esasan hem, bäbekli maşgalalar üçin ýolda ulanylýan arassaçylyk serişdesine zerurlyk duýlup başlanýar. Netijede, çagalara niýetlenen, bakteriýalara garşy arassaçylyk kagyzy peýda bolýar. Çaga süpürgiçlerini ilkinji bolup «Nice-Pak» kompaniýasy öndürip başlaýar. Çagalaryň duýgur we näzik derisine niýetlenen çygly süpürgiçler 1983-nji ýylda «çaga süpürgiçleri» markasy bilen köpçülikleýin satuwa çykarylýar. 1990-njy ýyllarda çygly süpürgiçden nusga alnan «Huggies», «Procter & Gamble’s Pampers» çaga arlyklarynyň (pampers) ilkinji satuwy başlanýar. Şol döwürden soň halkyň içinde ýörgünli bolan çygly süpürgiçler we bir gezeklik ulanylýan çaga arlyklary ýörite pudaga öwrülýär. Şeýlelik bilen, bu ugurdan iş alyp barýan birnäçe kompaniýalar peýda bolýar. Häzirki wagtda çygly süpürgijiň bäbeklere niýetlenen zyýansyz hasaplanýan ECO görnüşleri hem öndürilýär.
Çygly süpürgiçleriň 90 göterimi poliesterden ýa-da polipropilenden (sintetik mata) öndürilýär. Çygly süpürgijiň hiline baglylykda suw we zyýansyzlandyryjy spirt ulanylýar. Şeýle hem dürli ys berijiler bilen baýlaşdyrylýar. Çyglandyrylan kiçijik mata bölejikleri dürli ululykdaky gaplara (maşgala üçin niýetlenen, jübä sygýan kiçijik görnüşi) ýerleşdirilýär. Juliusyň restoran hyzmatlary üçin oýlap tapan çygly süpürgiji häzirki wagtda dürli maksatlar bilen ulanylýar. Çagalar we ulular üçin niýetlenen dürli görnüşli çygly süpürgiçler eşikdäki tegmilleri, ýag galyndylaryny, zyýanly hapalary aňsatlyk bilen aýyrmaga ýardam edýär.