Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 17-nji maýynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Köpetdagyň eteginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz açylyş dabarasyna gatnaşyp çuň manyly çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz çykşynyň dowamynda “Türkmen halky müňlerçe ýyllaryň taryhynyň dowamynda adamzadyň umumy ösüşine täsir eden ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr. Şahyryň eserleri dünýä edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr” diýip belläp geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdymyz diňe toý toýlanýan ýurt diýip aýdasym gelýär. Ýurdumyzda toýlar elmydama goşa-goşadan gelýär. Ynha ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güniniň bellenilýän günlerinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragy seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly sene boldy. Bu ajaýyp seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyny teleýaýlymlaryň üsti bilen synlanyňda kalbyň heýjana gelýär. Çünki gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bu seýilgäh toplumynyň owadanlygy her bir ynsany özüne çekmek bilen döredijilik işgärlerine uly ylham bagyşlaýar. Dürli suw çüwdürimleriň goýulmagy, gül-gülzarlygyň, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi 60 metrlik Pyragynyň heýkeline aýratyn bir gelşik berýär. Seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň döredijilik işgärleriniň 24 sanysynyň ýerleşdirilmeginiň özinde hem uly many bar. Şu ýerde bir zady ýatlap geçesim gelýär. Geçen ýyly Gahryman Arkadagymyz bu seýilgäh toplumynyň gurulýan döwrinde bu ýerde iş saparynda bolup, özüniň döreden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgysyny ilkinji gezek okap beripdi. Şonda Gahryman Arkadagymyz dünýä ýurtlarynyň şahyrlarynyň, belli şahsyýetleriniň heýkelleriniň bu seýilgäh toplumynda ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyp, öziniň gymmatly maslahatlaryny beripdi. Ynha bu gün bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dünýä ýurtlarynyň ýazyjy şahyrlarynyň, belli şahsyýetleriniň heýkelleriniň 24 sanysynyň seýilgäh toplumynda goýulmagy, ýurdumyzda dünýä halklarynyň ýazyjy şahyrlaryna uly sylag hormat goýulýandygyny görkezmek bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Dünýä ýurtlarynyň akyldarlarynyň Magtymguly Pyragy barada aýdanlarynyň birnäçesini ýatlap geçsek ýerlikli bolsa gerek. Gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow: XVIII asyr Türkmenistanda Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr. Ýa-da bolmasa Magtymguly – bütindünýäniň poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar. Türk şahyry Nazym Hikmet: -Aslynda Magtymguly meniň hem şahyrymdyr. Men şahyr hökmünde Magtymgulydan köp zatlary öwrenýärin. Magtymguly meniň atamdyr, ussadymdyr. Ol maňa we meniň bilen birlikde şu ýerde bolan ençeme şahyrlara iň beýik ady, iň uly zady öwretdi. Şahyr özüniň her bir şygyryny halk dilinde ýazyp, halkyň azatlygy hem-de özbaşdaklygy ugrunda söweşipdir hem göreşipdir. Şeýle etmeýän şahyr, şahyr hem däldir – diýip dünýä şahyrlarynyň Magtymguly barada ýazanlary akyldar şahyryň döredijiliginiň dünýä edebiýatynda hem mynasyp orun tutýandygyna şaýatlyk edýär.
Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy goşgysyndaky şu setirleri aýdasym gelýär:
Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymgulydyr,
Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy
Üstünden üç asyr geçen hem bolsa, Pyragynyň eserleri heniz özüniň gadyr-gymmatynyň uludygy bilen galýar. Çünki şahyryň goşgy setirleriniň haýsy birini okanyňda agzybirlik, dost-doganlyk, lebzi halallyk, parahatçylyk, zähmetsöýerlik, wepadarlyk ýaly ýörelgeler öňe sürülýär. Akyldaryň baý many-mazmunly goşgylary bize, ýaş nesillerimize ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. Ussat şahyryň çuňňur parasada ýugrulan pikirleri, goşgulary ynsan ömrüniň ähli pursatlarynda terbiýe berýär. Onuň halkymyzyň durmuş pelsepesine öwrülen pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleri, beýik taglymatlary, öwüt-ündewleri bu günki gün millionlarça adamyň aňyna we ýüregine täsir edýär. Üç asyrdan bäri çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýän şahyryň baý edebi mirasy ynsan kalbyny ýakymly duýgylara oýarýan ylham çeşmesidir. Ýurdymyzyň we dünýä halklarynyň ýazyjy şahyrlarynyň Magtymguly Pyragy barada ýazan şygyrlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Magtymguly Pyragy gündogaryň beýik akyldarlarynyň biridir we häzirkizaman türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Onuň eserlerinde Watana bolan söýgi, ynsanperwerlik, parahatsoýüjilik, garaşsyzlyk, jebislik ýaly umumadamzat gymmatlyklary beýan edilýär. Pyragynyň döredijilik mirasy türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolmak bilen dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Beýik söz ussadynyň goşgulary dünýä edebiýatynda mynasyp orun aldy. Geçen ýylyn maý aýynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab kwartirasynda we guramanyň ýerine ýetiriji geňeşiniň 216 mejlisinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny we guramanyň dünýäniň hakydasy maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hut şunuň bilen baglylykda akyldaryň doglan güniniň 300 ýyllygy diňe ýurdymyzda däl eýsem halkara derejesinde bellenilmegi şahyryň döredijiligine dünýä halklary tarapyndan uly hormat goýýandygyny görkezýär.
Magtymguly Pyragynyň seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tutuş halkymyzy gyzgyn gutlaýaryn. Akyldar şahyryň gadyr-gymmatyny dünýä ýüzünde arşa galdyrýan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni, etrap halk maslahatynyň agzasy.