22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Irden hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda gurlan täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň ýerleşýän ýerine geldi.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, giň halk köpçüligi ýygnandy. Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdym-sazly, tansly kompozisiýa bilen çykyş edýärler.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulanmaga berilýän binalaryň we desgalaryň Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýändigini belledi. Şolaryň biri hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen, kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgadyr. Şeýle-de şu gün Aşgabat şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslary sowgat hökmünde gowşurylar.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa gymmatly hazyna hökmünde garandygyny, ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan suwuň her bir damjasyny altyna deňändigini nygtady. Ata-babalarymyz suwy oýlanyşykly peýdalanmagyň dürli usullaryny ulanypdyrlar. Dag eteklerinde ýerasty kärizleri gazypdyrlar, suwy ýygnamak üçin ýörite howuzlary gurupdyrlar, suw çykarmak üçin jykyrlary döredipdirler. Pederlerimiziň bu asylly ýörelgeleri häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap usulda dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler.
Täze desganyň gurluşygy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Bu desganyň suw howuzlarynda jemlenýän arassa agyz suwy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna iki ugur boýunça paýlanar. Döwrebap suw arassalaýjy desga birnäçe binalardan we suw saklaýjy howdanlardan ybarat bolup, halkara talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde işlejek 150-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilen.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde döwrebap suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi, şeýle hem paýtagtymyzyň ilatyna häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasy, bu ýerde agyz suwunyň arassalanylyşynyň tehnologik amallary we onuň sarp edijilere goýberiliş ulgamy barada maglumat berýän wideofilm görkezilýär.
Aşgabat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan we Germaniýanyň öňdebaryjy «PSE» kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalary, nou-haulary bilen enjamlaşdyrylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda amala aşyryldy.
Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda tebigy usulda durlanan suw birinji suw göteriji bekediň awankamerasyna öz akymyna akyp gelýär. Bu beketde dünýäniň öňdebaryjy KSB kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Soňra suw agyz suwuny arassalaýjy desga iberilýär, zyýansyzlandyrylýar we süzgüç howuzlaryna akdyrylýar. Birinji tapgyrda suwuň düzümi iri goşundylardan arassalanylýar. Soňra ol ergin garyjy howuzlara tarap gönükdirilip, elektroliz binasynda taýýarlanylýan alýuminiý sulfaty, polielektrolit we gipohlorid natriý erginleri bilen garylýar. Arassalamagyň ikinji tapgyrynda suw süzülmek üçin iki gat süzgüçli (antrasid hem-de kwars çägesi) howuzlara paýlanylýar, onuň düzümi hapa maddalardan doly arassalanylýar. Soňra gipohlorid natriý ergini arkaly zyýansyzlandyrylýar.
Suwy arassalamagyň netijesinde süzgüçlerde toplanan galyndylar ýörite ulgam arkaly läbik çökündi howuzlaryna akdyrylýar. Howuzlarda çöken läbik kömekçi binada gurnalan ýörite enjamlaryň kömegi bilen suwsuzlandyrylýar. Şunda emele gelen çökündisiz suw bolsa ýörite howuzda jemlenip, gaýtadan suw arassalaýjy bina gönükdirilýär. Bu usulyň esasy aýratynlygy suwy tygşytly ulanmakdan hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmekden ybaratdyr. Süzgüçlerden geçen we zyýansyzlandyrylan arassa agyz suwy iki sany suw howzunda jemlenip, ikinji suw göteriji bekede iberilýär. Soňra ol iki ugur boýunça paýlaýjy-suw geçiriji ulgama akdyrylýar. Şeýlelikde, täze desganyň işe girizilmegi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegine ýardam berer.
Wideofilm tamamlanandan soňra, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «PSE Engineering GmbH» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Markus Behrendte söz berildi. Myhman hormatly Prezidentimize we dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, suw hojalygy ulgamynda, nebitgaz pudagynda baý iş tejribesi bolan german kompaniýasynyň adyndan şu günki çärede çykyş etmek mümkinçiliginiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bu taslamanyň milli hem halkara ölçeglere laýyk gelýändigi nygtaldy. Inženerçilik, enjamlar bilen üpjün etmek hyzmatlaryndan başga-da, kompaniýa desganyň gurluşygynyň alnyp barylmagyna maslahatçy hökmünde gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Markus Behrendt «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ähli zerur ölçeglere laýyk gelýän suwy öndürýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurmaga şatdygyny belledi.
Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda jenap Markus Behrendt Aşgabat şäheriniň häkimine desgadaky önümçilik amallarynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Standartlaşdyrma boýunça german institutynyň (DIN), GOST standartynyň ölçeglerine laýyk gelýändigini tassyklaýan «PSE Engineering GmbH» kompaniýasynyň güwänamasyny gowşurdy.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Stambul tehniki uniwersitetiniň professory, doktor Hasan Jan Okutana söz berildi. Myhman hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary, Türkmenistanyň doganlyk halkyny, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň işe girizilmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ulanylan tehnologiýalar Ýewropa Bileleşiginiň «Iň gowy tehnologiýalar» (BAT) we «Iň gowy ekologik tejribeler» (BEP) resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelýär. Bu desgadan alnan, barlaghanalarda seljerilen suwuň düzümi Türkiýäniň standartlaryna (TSE EN), Halkara Standartlaşdyrma Guramasynyň (ISO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) standartlaryna laýyk gelýär. Munuň özi bu suwuň daşky gurşaw hem adamyň saglygy üçin zyýansyzdygyny subut edýär. Bularyň ählisi degişli güwänamada öz beýanyny tapdy.
Professor Hasan Jan Okutan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynda hereket edýän tehnologiýalaryň ÝB-niň resminamalarynda kesgitlenen talaplara we ýokary halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan Stambul tehniki uniwersitetiniň güwänamasyny dabaraly ýagdaýda Aşgabat şäheriniň häkimine gowşurdy.
Mejlisler zalyndan çykyp, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimine şäheriň ilaty üçin niýetlenen täze ýolagçy awtobuslarynyň açarlaryny gowşurdy.
Häkim Arkadagly Gahryman Serdarymyza paýtagtymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Dabaraly pursat ýetip gelýär: dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we täze agyz suwuny arassalaýjy desgany açýar. Şol pursatda dürli reňkli şarlar asmana uçurylýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz desganyň esasy suw arassalaýjy binasyna ugrady we ýol ugruna ýurdumyzda öndürilýän alkogolsyz içgileriň sergisi bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bu önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilýändigini we olara sarp edijileriň uly isleg bildirýändiklerini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda dürli görnüşli gazlandyrylan, witaminli içgiler, sitrus we beýleki miweleriň, ir-iýmişleriň tagamlary bolan sowuk çaýlar, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlar, miweleriň, gök önümleriň şireleri, minerallaşdyrylan, gaplanan arassa agyz suwlary bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agza kärhanalarynyň azyk senagatynyň bu pudagynda guwandyryjy işleri alyp barýandyklaryny, importyň ornuny tutýan harytlary öndürmäge, Watanymyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýandyklaryny nygtamaly.
Esasy binada hormatly Prezidentimizi hünärmen mähirli garşylady we döwlet Baştutanymyzdan agyz suwuny arassalaýjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz düwmä basyp, täze desgany ulanyşa girizdi. Monitoryň ekranynda agyz suwuny arassalamagyň tapgyrlary we desgada ornaşdyrylan ýöriteleşdirilen enjamlar görkezilýär.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz toplumyň edara binasynda ýerleşýän dolandyryş merkezine barýar. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy merkeziň işi bilen tanyşdyrýar. Onuň işi toplumyň beýleki bölümleriniňki ýaly, doly awtomatlaşdyrylandyr.
Tehnologik amallar we gurnalan enjamlaryň işleýşine gözegçilik bu ugurda uly tejribä eýe bolan Germaniýanyň PSE kompaniýasynyň nou-haulary esasynda amala aşyrylýar. Dolandyryş merkezinde arassalanan agyz suwuny sarp edijilere bellenen möçberde ibermek, zerurlyga görä, iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütler kabul edilýär. Şunuň bilen birlikde, barlaghana bölüminiň görkezmeleri esasynda suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki koagulýantlaryň — alýuminiý sulfaty we gipohlorid natriý erginleriniň bellenen tehnologik kadalara laýyklykda garylmagyna gözegçilik edilýär.
Hormatly Prezidentimiz täze suw hojalyk desgasy bilen tanyşmagyny dowam edip, himiki-bakteriologik barlaghana bardy hem-de onuň işiniň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Hünärmeniň gürrüň bermegine görä, barlaghana dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Onuň esasy wezipesi arassalanan suwuň hiline, suw arassalaýyş tehnologiýalarynyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmekden ybarat. Ýörite enjamlar — turbidimetr, kolorimetr hem-de beýleki kömekçi enjamlar arkaly gije-gündiziň dowamynda her sagatda suwuň durulygyna, düzümindäki galyndyly hlor erginine, her iki sagatdan bulançaklygyna we aýda bir gezek arassalanan suwuň himiki düzümine doly seljerme geçirilýär. Alnan netijeler kompýuter tory arkaly dolandyryş merkezine iberilýär.
Hormatly Prezidentimiz desganyň edara binasyndan çykyp, «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň ýolbaşçysyna pudak üçin niýetlenen täze awtoulaglaryň hem-de ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, çäräniň geçirilýän ýerinden ugrady.
Şeýlelikde, Aşgabat şäherinde döwrebap «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ulanyşa girizilmegi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Watanymyzyň täze taryhynda ýene bir möhüm waka öwrülip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.