(He­ka­ýat)

Ka­kam de­mir­çi us­sa­dy. On­çak­ly so­wa­dy hem ýok­dy. Ol uzak­ly gün us­sa­ha­na­syn­dan çyk­man, gyz­gyn pe­jiň we kö­rü­giň ba­şyn­da otu­ryp, de­mir ýen­jer­di. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­lan gü­nüm gu­tar­dyş da­ba­ra­sy­na ejem bi­len ji­gi­le­rim gel­se-de, ka­ka­myň wag­ty bol­man­dy. Men ka­ka­ma çy­nym bi­len ga­ra­şyp­dym. Da­ba­ra­dan soň, öýe do­la­na­ny­myz­da ka­ka­myň us­sa­ha­na­sy­na so­wul­dyk. Ka­kam şol öň­kü­si ýa­ly, öňi öň­lük­li, de­mir ýen­jip otyr­dy. Ejem buý­sanç bi­len oňa ga­rap:
– Ine, ka­ka­sy, gör­şü­ňiz ýa­ly, bu gün og­lu­myz hem ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ab­raý bi­len ta­mam­la­dy – di­ýip, şat­ly­gy­ny paýlaşmak isledi.
Ka­kam şol iş­läp otur­şy­na ýü­zü­ni bi­ze ta­rap ça­la­rak öwür­di-de:
– Hä, şeý diý­se­ne, on­da nä­me han ogul, oku­wy­ňy ta­mam­lan bol­saň, ma­ňa-da az­da-kän­de ýar­da­myň deg­sin. Ha­ny, on­da sen şo du­ran pe­jiň kü­lü­ni ar­dyp ber – diý­di-de, ýe­ne-de öz işi­ne güm­ra bol­dy.
Ejem mu­ňa gö­wün­jeň bol­ma­sa-da men ka­ka­myň hä­si­ýe­ti­ne be­let­dim. Ol işe ge­zek ge­len­de bir işi bu­ýur­sa hök­man edäý­me­li­di. Der­rew eşik­le­ri­mi çal­şy­ryp, işe gi­riş­dim. Men bu işe öň­den wer­diş bol­mam­soň, pe­jiň kü­lü­ni art­mak ep-es­li wag­ty­my al­dy. Öýe bar­ýar­kak ejem ka­ka­myň ýo­wuz­ly­gyn­dan zeý­re­nip, gö­zü­ne ýaş aý­lap­dy. Onuň ag­şam na­ha­ry­na çen­li keý­pi bol­man­dy. Iň­rik ga­ra­lan­soň, ka­kam iş­den gel­di. Biz sa­ça­gyň ba­şyn­da jem­le­nip, onuň ge­le­ri­ne ga­raş­ýar­dyk. Ka­kam sa­ça­gyň ba­şy­na geç­di-de, şeý­le diý­di:
– Tü­we­le­me, og­lum, se­n-ä bu gün iş bi­tir­diň. Seň kö­me­giň bi­len az­da-kän­de pu­lu­my­zy hem tyg­şyt­lap bil­dik. Sen haý­sy kär­de bol­saň hem pu­luň nä­dip ga­za­nyl­ýan­dy­gy­ny hök­man bil­me­li­siň. Men is­le­sem şol pe­ji ha­ky­ny be­rip, baş­ga bi­ri­ne-de art­dy­ryp bi­ler­dim. Şol işi sa­ňa bu­ýur­ma­gy­myň, on­da-da ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­lan gü­nüň et­dir­me­gi­miň ýe­ke-täk ma­ny­sy bar. Dog­ru­sy, ýo­ka­ry bi­li­me eýe bo­lan og­lu­myň, hon­dan­bär­si bo­lup ge­dem­lik et­me­ýän­di­gi­ni hut öz göz­le­rim bi­len gö­re­sim gel­di. Şu gün se­niň pes­päl­di­gi­ňi gör­mek, me­ni se­niň alan ta­pa­wut­ly dip­lo­myň­dan hem be­ter be­gen­dir­di.
Ka­kam bu söz­le­ri aý­dan­dan soň, me­niň eg­ni­me kak­dy. Soň­ra göz­le­ri­niň ýa­şy­ny giz­le­mä­ge ça­lyş­ýan ka­kam ma­ňa bir buk­ja uzat­dy. Buk­ja­da ep-es­li pul bar eke­ni. Ol me­niň dip­lo­my­myň gut­la­gy­dy.

Taý­ýar­lan My­rat Re­je­pow,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň mu­gal­ly­my.