Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynyň ösdürilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze energetika desgasynyň – Balkan – Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň hem-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek mynasybetli dabaralara gatnaşmagy bu işleriň yzygiderli, depginli ösüşe eýedigine şaýatlyk edýän taryhy waka boldy.

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dep­gin­li ösü­şin­de ener­ge­ti­ka pu­da­gy wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Şun­dan ugur al­nyp, pu­da­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len ägirt uly ma­ýa go­ýum­la­ryň ne­ti­je­sin­de, elekt­roe­ner­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­da düýp­li öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar.
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ryn­dan göz­baş al­ýan bu öz­gert­me­ler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da hal­ka­la­ýyn ener­go­ul­ga­my dö­ret­mek­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tu­tum­lar mu­ňa anyk my­sal­la­ryň bi­ri­dir. Ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ener­gi­ýa ul­ga­my­ny hal­ka­la­ýyn bir­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­ler mak­sat­na­ma­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Hal­ka­la­ýyn ener­go­ul­ga­my dö­ret­mek tas­la­ma­sy­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry bo­lan Ahal – Bal­kan ýo­ka­ry wolt­ly as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji­si 2021-nji ýyl­da işe gi­ri­zil­di. Türk­men ener­go­gur­lu­şyk­çy­la­ry­nyň yh­las­ly zäh­meti ne­ti­je­sin­de hal­ka­la­ýyn ener­go­ul­ga­myň Ma­ry – Ahal ug­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry wolt­ly as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry 2023-nji ýyl­da işe gi­ri­zil­di. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pa­ta­sy bi­len, ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka hal­ka­sy­nyň üçün­ji bö­le­gi bo­lan Bal­kan – Da­şo­guz ug­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry wolt­ly as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň işe gi­ri­zil­me­gi mil­li elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa aç­dy. Şeý­le­lik­de, bu des­ga­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len, ýur­du­myz­da bi­te­wi hal­ka­la­ýyn ener­go­ul­gam eme­le ge­ti­ril­di. Bu tas­la­ma içer­ki sarp edi­ji­le­riň elekt­rik üp­jün­çi­li­gi­niň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga, ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­den da­şa­ry ýurt­la­ra elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny iber­mek üçin amat­ly şert­leri dö­ret­mä­ge tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri açar. Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­na Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da sarp edi­ji­le­riň ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­jak bi­te­wi hal­ka­la­ýyn ener­go­ul­ga­my dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň ener­gi­ýa ul­ga­myn­da Ma­ry döw­let elekt­rik stan­si­ýa­syn­dan baş­ga-da, Aş­ga­bat­da, Ahal­da, Bal­ka­na­bat­da, Le­bap­da, Da­şo­guz­da hem-de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da kuw­wat­ly elekt­rik be­ket­le­ri he­re­ket ed­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň, beý­le­ki şä­her­le­riň we ilat­ly ýer­le­riň ener­gi­ýa üp­jün­çi­lik ul­ga­my tä­ze­le­nil­ýär. Gün­den we ýel­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­ýän stan­si­ýa­nyň, Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň gur­lu­şyk­la­ry do­wam et­di­ril­ýär. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da kuw­wa­ty 1574 me­ga­wat bo­lan ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän elekt­rik stan­si­ýa­sy gu­rul­ýar. Aş­ga­bat şä­he­rin­de Ener­ge­ti­ka en­jam­la­ry­ny abat­la­ýyş we hyz­mat ediş mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy pu­da­gy di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek üçin şert­le­ri dö­red­ýär. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­byn­da gur­lan Ener­ge­ti­ka en­jam­la­ry­ny abat­la­ýyş we hyz­mat ediş mer­ke­zi­ne 5 hal­ka­ra gü­wä­na­ma be­ril­di. Ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­mek stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» we beý­le­ki mak­sat­na­ma­lar­da kes­git­le­nen­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze des­ga­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ener­gi­ýa ul­ga­my­ny hal­ka­la­ýyn bir­leş­dir­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň ta­ry­hyn­da uly wa­ka­dy­gy­ny bel­le­di. Je­mi uzyn­ly­gy 572 ki­lo­metr bo­lan «Bal­kan – Da­şo­guz» ug­ry bo­ýun­ça elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­ni çek­mek bo­ýun­ça äh­li iş­le­riň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da uly tej­ri­be top­lan türk­men gur­lu­şyk­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek. Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň kyn şert­le­rin­de şeý­le ýo­ka­ry wolt­ly as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň­dir be­ket­le­ri­niň gu­rul­ma­gy türk­men ener­go­gur­lu­şyk­çy­la­ry­nyň baý tej­ri­be­si­ni gör­kez­ýär.
Döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy al­maz­dan öň, ýur­du­myz­da ba­ry-ýo­gy 4 sa­ny elekt­rik stan­si­ýa­sy he­re­ket edip, olar Ma­ry, Büz­me­ýin döw­let elekt­rik stan­si­ýa­la­ry hem-de Türk­men­ba­şy we Seý­di ýy­ly­lyk elekt­rik mer­kez­le­ri­dir. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­myz­da 8 sa­ny elekt­rik stan­si­ýa­sy gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di, müň­ler­çe ki­lo­metr­lik as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji­ler çe­kil­di. Ne­ti­je­de, Türk­me­nis­tan di­ňe bir içer­ki sarp edi­ji­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­män, eý­sem, ony da­şa­ry ýurt­la­ra-da eks­port ed­ýän kuw­wat­ly ener­ge­ti­ka döw­le­ti­ne öw­rül­di.
Şu ýer­de bir za­dy aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. «Türk­me­nis­ta­nyň elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň 2013 – 2020-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň dür­li we­la­ýat­la­ryn­da 7 ýyl­dan gow­rak döw­rüň için­de pu­da­gyň ta­ry­hyn­da gör­lüp-eşi­dil­me­dik zäh­met ýeň­şi ga­za­nyl­dy. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa her we­la­ýat­da 1000 me­ga­wa­ta go­laý ýa-da on­dan hem ýo­ka­ry ener­ge­ti­ka kuw­wat­lyk­ly dü­züm­ler he­re­ket ed­ýär.
2023-nji ýy­lyň 3-nji no­ýab­ryn­da Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň çäk­le­rin­de bir­nä­çe des­ga­la­ryň düý­bi tu­tul­dy. Şeý­le iri tas­la­ma­la­ryň bi­ri-de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň çä­gin­de gu­rul­ýan, bel­le­nen kuw­wa­ty 1574 me­ga­wat bo­lan, ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­jek elekt­rik stan­si­ýa­sy­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da kuw­wa­ty 10 me­ga­wat bo­lan Gün we ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär, Ahal, Da­şo­guz we Le­bap döw­let elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­ny ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şy­ga ge­çir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu iş­ler ata Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä ýurt­la­ryn­da te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça ýaý­baň­la­nan giň ge­rim­li çä­re­le­re sal­dam­ly go­şant goş­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň my­sal­la­ry­dyr.

Jo­mart AK­MÄM­ME­DOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.