UEFA Çempionlar Ligasynyň soňky çempiony “Real Madrid” toparyny bassyr 3-nji möwsümde-de klubuň kapitany Naço Fernandes terk edýär. 34 ýaşyndaky goragçy umumylykda “Real Madriddäki” 23 ýyllyk başdan geçirmesini tamamlaýar. Bu barada taraplardan resmi maglumat gelip gowuşdy. 2009-njy ýylda “Real Madridiň” “B” toparynda futbola başlan Naço 2011-nji ýyldan bäri “A” toparda çykyş edip gelýär. Aglaba ätiýaçdan oýna giren Naço madridlileriň düzüminde 364 duşuşyk 16 gol geçirdi. Ol “Real Madrid” “B” toparynda-da 111 oýunda meýdança çykdy. Naço “Realda” 6-sy Çempionlar Ligasynyň kubogy bolup, jemi 26 kubok gazandy. Naço Çempionlar Ligasynyň kubogyny iň köp gazanan futbolçylaryň biri bolup, ol rekordy özünden başga 4 oýunçy (Pako Hento, Luka Modriç, Toni Kroos, Dani Karwahal) bilen paýlaşýar.

Naço soňky 4 ýylda “Real Madrid” bilen hoşlaşan 4-nji kapitandyr. 2021-nji ýylda Serhio Ramos, 2022-nji ýylda Marselo, 2023-nji ýylda-da Karim Benzema “Real Madridiň” soňky kapitanlary hökmünde klub bilen hoşlaşdylar.

Naçonyň Saud Arabystanynyň çempionatynyň klublarynyň biriniň düzümine goşulmagyna garaşylýar.