Döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan adam hakdaky alada amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň, giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň esasyny düzýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa adamlara öz mümkinçiliklerini açyp görkezmäge ýardam edýär.
Türkmenistan tebigaty goramak baradaky halkara resminamalara goşulmak bilen, daşky gurşawy goramak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirýär. Bu işleriň netijeleri Watanymyzyň sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmündäki halkara abraýyny artdyryp, Diýarymyzda adamyň saglygyna näderejede uly ünsüň berilýändigini görkezýär.
Diýarymyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport işleriniň ählumumy häsiýete eýe bolmagy döwletiň we jemgyýetiň, agzybir türkmen halkynyň sazlaşygynyň hem-de tagallalarynyň birleşmeginiň netijesidir. Sebäbi raýatlarymyz sportuň saglyk üçin örän peýdaly bolup, öňde goýlan ähli maksatlara ýetmekde möhüm ornunyň bardygyna oňat düşünýärler. Şonuň üçin hem Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn, orta hem-de uzak möhletli geljek üçin ösdürmäge, wagyz etmäge gönükdirilen tagallalary babatda döwletleriň köpüsine görelde bolup durýar.
Ildeşlerimiziň saglygyny dikeltmekde, berkitmekde şypahanalar ähmiýetli orna eýe. Döwrüň talabyna laýyk enjamlaşdyrylan «Mollagara», «Awaza», «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat», «Berzeňňi», «Baýramaly», «Farap», «Daşoguz» şypahanalarynda milli hem-de häzirki zaman usullarynyň ulanylmagy raýatlaryň doly derejede dynç almaklaryna we saglygyny dikeltmeklerine mümkinçilik berýär. Olaryň ähmiýeti häzirki tomus günlerinde has-da artýar. Çünki ýurdumyzyň şypahanalary saglygymyzyň tebigy çeşmesidir. Olarda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň hilini, derejesini has-da ýokarlandyrýar.
Ýurdumyzda uly ösüşlere eýe bolýan saglyk ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary we derman senagatynda ýetilen täze sepgitler daşary döwletleriňdir halkara guramalaryň hem ünsüni çekýär. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda dürli keselleri öz wagtynda anyklamak we bejermek işleri güýçlendirilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek üçin zerur şertler döredilýär. Maşgalanyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge, halkymyza mahsus bolan maşgala gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi halkymyzyň buýsançly başyny has-da belende göterýär.
Mähri JOMMYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryşyň usulyýeti we ätiýaçlandyryş amallary bölüminiň başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň agzasy.