6-njy iýulda ýarygijede başlanjak iň soňky çärýek final duşuşygynda-da Niderlandlar bilen Türkiýäniň ýygyndylary özara güýç synanyşarlar. Berlinde geçiriljek bu oýun olaryň özara 15-nji duşuşygy bolar. Mundan öňki 14 oýunda niderlandlar 6, türkler 4 gezek ýeňiş gazanyp, 4 oýun hem deňlikde tamamlandy. Niderlandlaryň 21 goluna türkler 14 gol bilen jogap berdi. Iki topar çempionatyň çäginde ilkinji gezek özara duşuşyk geçirerler.

Türkiýäniň düzüminde Awstriýa bilen bolan duşuşygyň ýyldyzy, geçiren golundan soň eden hereketi üçin UEFA tarapyndan 2 oýunlyk jerime salnan Merih Demiral, şol sanda Orkun Kökçü, Ismail Ýüksek bu gijeki oýna gatnaşyp bilmez. Mert Günok, Arda Güler, Kaan Aýhan, Zeki Çelik, Mert Müldür, Salih Özjan, Kenan Ýyldyz dagy şu gün sary kart alsa, Türkiýäniň ýygyndysy ýarym finala çykan ýagdaýynda olar hem jerimeli bolarlar.

Niderlandlarda-da Dumfris, Malen, Shauten, Werman dagynyň sary kart bolup, toparlary ýarym finala çykan ýagdaýynda oýnamak isleýän bolsalar, onda olar şu gijeki oýunda seresaply bolmaly bolarlar.