19-njy sentýabrda paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi.
Forumyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergä baryp gördüler. Sergi türkmen oba hojalykçylarynyň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly ýokary hilli önümleriň önümçiligi ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyrýar. Onda möhüm ähmiýetli oba hojalyk ekinleriniň genofondy, türkmen seçgiçi alymlarynyň irginsiz zähmetiniň miwesi bolup durýan, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaý tohumlarynyň görnüşleriniň nusgalary bilen hem tanşyp bolýar.
Halkara ylmy maslahatyň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmek barada uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlar, hünärmenler tarapyndan ekinleriň ýokary hasylly, welaýatlarymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze sortlary döredilip, önümçilige giňden ornaşdyrylýar diýlip, Gutlagda nygtalýar.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda Diýarymyzda güýzlük bugdaýyň seçgiçiligini we tohumçylygyny ösdürmegiň möhüm wezipeleri, miweçiligi, üzümçiligi giňeltmekde nahalhanalaryň ähmiýeti, gowaça tohumçylygynda görnüşleriň arassalygyny saklamak ýaly meseleler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda tohumçylygyň netijeli usullary, tohumlaryň hilini, hasyllylyk görkezijilerini gowulandyrmak meseleleri aýratyn gyzyklanma döretdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň guramaçylyk düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär.
Halkara ylmy forumyň birinji gününi jemlemek bilen, gatnaşyjylar şu gezekki maslahatyň we serginiň oba hojalyk pudagynda, tohumçylykda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly meýdança bolandygyny nygtadylar.
Şu gün, 20-nji sentýabrda halkara maslahat öz işini üç bölümde dowam eder. Olar “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçiriler. Birinji bölüm oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginde we tohumçylygynda öňdebaryjy tejribelere, ikinji bölüm bolsa gök ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine bagyşlanar. “Oba hojalyk ekerançylygynda ulanylýan döwrebap tehnikalary we suw tygşytlaýjy enjamlary ornaşdyrmagyň ähmiýeti” atly üçünji bölümde ylmyň gazananlaryny, döwrebap, sanly suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna suwy rejeli ulanmagyň meselelerine garalar.