1-nji duşuşygynda “Monakodan” 2-1 asgyn gelen “Barselona” öz meýdançasynda “Ýang Boýzy” uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. 5-0 hasabynda ýeňiş gazanan katalonlaryň gollarynyň 2-sini Robert Lewandowski geçirdi. 8-nji we 51-nji minutlarda tapawutlanan polşaly hüjümçi 30 ýaşdan soň 50-nji we 51-nji gollaryny derwezä girizdi. Ol 30 ýaşdan soň iň köp gol geçiren 2-nji futbolçy bolup, ondan öňde 68 gol salan Kristiano Ronaldo bar. Şeýle-de, Lewandowski Ronaldodan soň 3 dürli toparda (“Borussiýa D” – 17, “Bawariýa” – 69, “Barselona” – 10) azyndan 10 gol geçiren 2-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Ol umumylykda 96 gol bilen Ronaldodyr Messiden soň 3-nji orunda barýar.

Duşuşykda “Barselonanyň” beýleki gollaryny 34-nji minutda Rafinýa, 37-nji minutda Inýigo Martines hem-de 81-nji minutda Kamara (ö.d.) geçirdi.