Kä­ha­lat­lar­da sa­pak­la­ra taý­ýar­la­ny­lan­da ýa-da öz­baş­dak tä­ze bir zat öw­re­ni­len­de köp wagt sarp eden­di­gi­mi­ze ga­ra­maz­dan, go­wy ne­ti­je alyp bil­me­ýä­ris. Wagt ge­çip dur. Okuw ders­le­ri­ne taý­ýar­lan­mak bi­len bir ha­tar­da öý iş­le­ri­ne ýe­tiş­me­li, sport bi­len meş­gul­lan­ma­ly we dost­la­ry­ňa hem wagt aý­ryp ýe­tiş­me­li. Eý­sem, sa­pak­la­ra taý­ýar­la­ny­lan­da, wag­ty nä­hi­li peý­da­lan­ma­ly, nä­dip go­wy ne­ti­je al­ma­ly?! Bu o di­ýen kyn däl. Mu­nuň üçin şu şert­le­ri ber­jaý et­mek ýe­ter­lik.
Sa­pak­la­ra ne­ti­je­li taý­ýar­lan­mak üçin öňüň­de mak­sat goý­ma­ly. Bir­ba­da bir­nä­çe za­dy, gö­nük­me­le­ri ýa-da my­sal­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­jek bo­lup, hö­we­si­ňi ga­çyr­ma­ly däl. Sa­pak­lar­dan ber­len öý iş­le­ri­ni her gün yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­li.
Oka­mak, ýaz­mak ýa-da öý işi­ne taý­ýar­lan­mak üçin ýag­ty we ho­wa­sy ka­da­ly de­re­je­dä­ki ýer saý­la­ma­ly. Şeý­le hem sapaklara taýýarlanýan ýe­ri­ňiz­de ün­sü­ňi­zi sow­jak zat­lar bol­ma­ly däl. Maş­ga­la bo­lup dynç alyn­ýan otag­da ýa-da aş­ha­na­da öý iş­le­ri­ne taý­ýar­lan­mak­dan sak­lan­ma­ly.
Eger-de her gün şol bir ýer­de ki­tap oka­mak siz üçin iç­gys­gynç bol­sa, da­şar­da, how­lu­da, ba­gyň aşa­gyn­da ýa-da bas­gan­çak­lar­da otu­ryp hem ki­tap okap bi­ler­si­ňiz.
Öýe ber­len ýu­muş­la­ra taý­ýar­lan­ýan wag­tyň çalt ajyg­ýan­dy­gyň se­bäp­li, çalt öz­leş­ýän ta­gam­la­ry, mi­we­dir şer­bet­le­ri içip bi­ler­si­ňiz. Ýö­ne tiz taý­ýar bol­ýan ta­gam­lar­dan, şe­ker­li iý­mit­ler­den we gaz­lan­dy­ry­lan içim­lik­ler­den ga­ça dur­ma­ly.
Öý iş­le­ri­ne taý­ýar­lan­ýan wag­ty­ňyz hem edil mek­dep­dä­ki ýa­ly ara­kes­me et­me­gi ýat­dan çy­kar­maň! Uzak wagt­lap sto­luň ba­şyn­da otur­mak sag­ly­ga hem-de ün­sü­ňi oku­wa jem­le­mä­ge oňaý­syz tä­sir edip bi­ler. Şol se­bäp­li ma­hal-ma­hal ýe­riň­den tu­rup, gez­me­läp, pen­ji­rä­ni açyp, aras­sa ho­wa­dan dem al­ma­ly.
Tä­ze bir za­dy öw­ren­mek üçin iň peý­da­ly usul­la­ryň bi­ri bel­lik et­mek ha­sap­lan­ýar. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar, öw­ren­me­giň tä­ze usul­la­ry peý­da bol­sa-da ýa­zyp öw­ren­mek tä­sir­li­li­gi­ni sak­lap gal­ýar. Tä­ze söz­le­riň ma­ny­sy­ny öw­ren­mek, bil­me­ýän za­dy­ňy ýa­zyp bel­lik et­mek has ne­ti­je­li öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Her bir za­dy wag­tyn­da öw­ren­me­giň, sa­pak­la­ry öz de­ňin­de öz­leş­dir­me­giň aň­sat­dy­gy­ny unut­maň! Ge­çi­len sa­pa­gy we ber­len öý işi­ni şol gün gaý­ta­la­mak hem-de ýe­ri­ne ýe­tir­mek has go­wy öz­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.