Adamzat ýaşaýşynda irki döwürlerden bäri itleriň hyzmatyndan peýdalanylyp gelinýär. Itiň käbir görnüşi ýiten zady tapmakda, gorag maksadynda saklanýan bolsa, käbiri ýük daşamakda, halas ediş işlerinde adamlara ýakyndan kömek edýär. Aşa sowuk howaly sebitlerde sanki (sani) çekip barýan itler baradaky multfilmleri ýa-da filmleri gören bolsaňyz gerek. Itli sanki buzuň ýa-da garyň üstünde dolandyryjynyň buýrugy esasynda itleriň tirkegi çekmegi arkaly amala aşyrylýar. Dünýäniň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylary güýz we gyş aýlarynda tirkegli itleri ulanýarlar. Eýsem, itleriň islendik görnüşi sanki çekip bilýärmi, olar sowukda üşemeýärmi?! Geliň, tirkeg çekýän itler baradaky gyzykly maglumatlary öwreneliň!
Sagatda 32-40 kilometr tizlik bilen sanki çekip bilýän bu itleriň dykyz we galyň sütügi olary sowukdan goraýar. Itiň ähli görnüşi sowuga çydamly däl. Tirkeg çekýän itler ýörite saýlanyp alynýar we demirgazykda idedilýär. Haski, malamut, grenland iti we inuit ýaly tohum itler sowuk howada ýaşaýarlar. Maglumatlara görä, tirkeg çekýän tohum itler müňlerçe ýyl ozal demirgazykly ýerli ýaşaýjylar tarapyndan seçilip alnypdyr.
Sowuga çydamly sanki çekýän itiň görnüşleri
Demirgazyk sebitlerde iň köp idedilýän it Alýaska haskisidir. Itiň bu tohumyny Alýaskanyň ýerli ýaşaýjylary bolan inuitler öwrenişdiripdirler. Agramy 18-34 kilograma ýetýän itiň bu görnüşi dykyz hem-de ýumşak sütügi bilen tapawutlanýar. Alýaskanyň ýaşaýjylary tarapyndan seçilip alnan itiň ýene bir tohumy Alýaska malamuty hasaplanýar. Agramy 36-55 kilogram töweregi bolýan malamut ýük çekijiligi bilen tapawutlanýar. Galyň sütükli, berdaşly aýaklary bolan bu it gözleg-barlag işlerinde peýdalanylýar.
Sowuk ýurtlaryň biri bolan Kanadada hem itiň inuit (eskimo) tohumy ösdürilip ýetişdirilýär. Göwresi kiçiräk, ýük çekmäge çydamly bu it hojalyk hyzmatlarynda peýdalanylýar. Agramy 30-40 kilograma ýetýän inuit iti awçylykda hem ulanylýar.
Sowuk howa çydamly itiň ýene bir görnüşi Nýu-Hempşirde (ABŞ) ösdürilip ýetişdirilen, seýrek duş gelýän çinuk itidir. Altynsow sütükli, çeýe hem ýadawsyz hereketli bu it tirkeg çekmekde, ýük daşamakda we gorag hyzmatlarynda peýdalanylýar.
Sowuga çydamly tirkege goşulýan itiň ýene bir görnüşi grenland itidir. Bu itler Grenlandiýada ulag serişdesiniň hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Şeýle hem awçylykda giňden peýdalanylýar.
Dünýäniň iň sowuk künjekleriniň biri bolan Sibiriň ýaşaýjylary hem malamuta meňzeş Sibir haskisini seçip alypdyrlar. Agramy 18-27 kilogram töweregi bolan Sibir haskisi daşyndan göräýmäge möjege çalym edýär. Sibirliler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen demirgazyk itiniň ýene bir görnüşi akja sütükli samoýed itidir. Ýük çekmäge ukyply bu itler hojalyk hyzmatlary bilen bir hatarda awçylykda hem peýdalanylýar.