Şu gün – 27-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, milli we daşary ýurt diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Karmelo Leo, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi Kakajan Janbekow, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary çykyş etdiler. Şeýle-de çäräniň barşynda UNINT Rim halkara barlaglar uniwersitetiniň mugallymy Iwan Melkumýanyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşy diňlenildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda edilen çykyşlarda görnükli şahyryň goşgular ýygyndysynyň italýan dilinde neşir edilmeginiň türkmen-italýan dostlugynyň ýene bir subutnamasyna öwrülip, netijeli ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigi bellenildi. Mundan başga-da, goşgular ýygyndysy has giň okyjylar köpçüligine Magtymgulynyň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.
Dabara gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň altyn hazynasynda orun alan goşgularynyň häzirki wagtda dünýäniň köp diline terjime edilýändigine aýratyn üns berdiler. Terjimeler daşary ýurtly okyjylara dünýä edebiýatynyň şöhle saçýan ýyldyzynyň filosofiki pikirleri bilen tanyşmaga mümkinçilik bermek bilen, öz goşgularynda Watana söýgini, parahatçylygy, dostluga we agzybirlige ymtylyşy dabaralandyrýan şahyryň garaýyşlaryna düşünmegiň açary bolup hyzmat edýär.
Söz ussadynyň 130 sany goşgusyny öz içine alan ýygyndynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň maslahat beriş ýardamy bilen Italiýanyň gündogary öwreniji alymlary tarapyndan italýan diline terjime edilendigi nygtaldy.


Çykyş edenler şahyryň italýan dilindäki ajaýyp goşgy setirlerini okamak bilen, dogduk mekanynyň hakyky watançysynyň tutuş döredijiliginden özygtyýarly döwlet gurmak baradaky çagyryşlaryň eriş-argaç bolup geçmek bilen, onuň şygyrlarynyň türkmen halkynyň erkinliginiň, jebisliginiň senasyna öwrülendigini bellediler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň daşary ýurt dillerine terjime edilmeginiň dünýä jemgyýetçiligini şahyryň döredijiligi bilen has giňden tanyşdyrmaga, onuň gaýtalanmajak ussatlygynyň örän çuňdugyna akyl ýetirmäge, umumylykda bolsa halklaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Bu ýörelgeler tutuş dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ilerletmegiň möhüm şertidir.