Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­­gyny üp­jün et­mek, Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­syn­da we Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­syn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy aýaw­ly sak­la­mak bo­ýun­ça döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Bü­tin­dün­ýä gü­ni 1972-nji ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­di­lip, şon­dan bä­ri hem dünýäde bel­le­nil­ýär. Ol dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni hä­zir­ki döw­rüň äh­lu­mu­my me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge ça­gyr­ýar. Mu­nuň özi her bir ada­myň ýa­şa­ýan dün­ýä­mi­ziň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy üçin jo­gap­kär­çi­li­gi, te­bi­ga­ta aýaw­ly ga­ra­ma­gyň ze­rur­dy­gy ba­ra­da pi­kir­len­mä­ge, şeý­le hem gel­jek­ki ne­sil­le­riň bäh­bi­di­ne onuň gö­zel­li­gi­ni we baý­lyk­la­ry­ny go­rap sak­la­mak işi­ne gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­lik­dir. Eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dep­gin­li ösü­şi­ni üp­jün et­mek, dur­muş ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­ler aba­dan dur­mu­şyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan eko­lo­gi­ýa bi­len ýa­kyn­dan bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
1972-nji ýyl­da Stok­golm­da ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mas­la­ha­ty­na dün­ýä­niň 113 döw­le­ti­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy. Şol mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­r her ýyl 5-nji iýun­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Bü­tin­dün­ýä gü­nü­niň bel­len­me­gi ha­kyn­da ka­rar ka­bul et­di­ler. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Bü­tin­dün­ýä gü­ni BMG üçin daş­ky gur­şaw me­se­le­si­ne hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giň ün­sü­ni çek­me­giň, sy­ýa­sy gy­zyk­lan­ma­ny we de­giş­li çä­re­le­ri hö­wes­len­dir­me­giň esa­sy usul­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak hä­zir­ki şert­ler­de adam bi­len te­bi­ga­tyň ara­syn­da­ky öza­ra he­re­ke­tiň tä­ze gör­nü­şi­dir. Ol jem­gy­ýe­tiň we te­bi­ga­tyň saz­la­şyk­ly hyz­mat­daş­ly­gy­ny, he­re­ket ed­ýän eko­lo­gi­ýa ul­gam­lar we te­bi­gy se­riş­de­le­riň sak­la­nyp, gel­jek ne­sil­ler üçin gaý­ta­dan dö­re­dil­me­gi­ni üp­jün ed­ýän döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri­niň (teh­no­lo­gik, yk­dy­sa­dy, ad­mi­nist­ra­tiw-hu­kuk, bi­lim, hal­ka­ra) ul­ga­my­dyr. Hä­zir­ki wagt­da eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri iň mö­hüm me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar.
Her me­de­ni­ýet­li döw­let­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak jo­gap­kär­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan köp gu­ra­ma­lar bar. Şu ýer­de kä­bir my­sal­lar ge­tir­mek bi­len, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň nä­de­re­je­de äh­mi­ýet­li­di­gi­ni dü­şün­dir­mek bo­lar. Eko­ulgamlaryň za­ýa­lan­ma­gy dün­ýä ila­ty­nyň müňlerçesiniň aba­dan­çy­ly­gy­na tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ýer ýü­zün­de dür­li se­bäp­le­re gö­rä her ýyl 10 mil­li­on gek­tar­dan gow­rak to­kaý­ ýit­ýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin bolsa, dürli taslamalar we öňüni alyş çäreleri geçirilýär.

Aý­bö­lek PER­DÄ­ÝE­WA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.