Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde 2024-nji ýylda ýaş zehin Maksat Gylyjowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilip, mawy ekran arkaly halk köpçüligine hödürlenen “Kompozitor” atly çeper film okyjylaryň ýadynda bolsa gerek. Bu film paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde hem ençeme ýola görkezilip, kinomuşdaklarymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdy.
Şonuň ýaly-da, şol ýyl bu film paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen “Gorkut ata” festiwalyna gatnaşyp, emin agzalar tarapyndan baýrakly orna eýe bolup, ýeňiji diýlip yglan edildi.
Tanymal aktrisa Selbi Babylowanyň “Kompozitor” atly çeper filmde ejäniň keşbini ynandyryjy edip döredişini synlanyňda onuň ussat aktrisadygyna göz ýetirmek bolýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly adyň eýesi Selbi Babylowanyň durmuş we döredijilik ýoly bilen gyzyklanyp, okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildim.
Onda artist bolmak höwesi mekdep döwründen başlanypdyr. Ir döwürler “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürilip, mawy ekran arkaly şu günlere çenli halk köpçüligine ýetirilip gelýän halypa kinorežissýor Alty Garlyýewyň surata düşüren meşhur “Mukamyň syry” atly çeper filmdäki Karkaranyň, ýagny aýal bagşynyň keşbini ussatlarça janlandyryp, halkyň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başaran Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewanyň keşp janlandyryşy Selbini özüne maýyl edipdir. Şonuň ýaly-da dramaturg, ýazyjy Berdi Kerbabaýewyň edebi eseri esasynda Alty Garlyýewiň surata düşüren “Aýgytly ädim” filminiň baş gahrymany Aýna atly gyzyň keşbini janlandyran Žanna Smelýanskaýanyň türkmen gyzynyň keşbini janlandyryşyna maýyl bolup özüniňem şolar ýaly artist bolasy gelipdir. Şol halypalaryň çykyşlaryna tomaşa edeninden soň ony sungata bolan höwesi öz erkine goýmaýar.
Şeýdip Selbi 2000-nji ýylda Mary şäherindäki 6-njy orta mekdebi üstünlikli tamamlap, şol ýyl hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň drama we kino artisti bölümine okuwa girýär.

Institutda Selbiň okaýan toparyna aktýoryň ussatlygy sapagyndan köpleriň halypasy, Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýew tälim beripdir. Ozal hem gursagynda sungata, artistçilige bolan höwesi möwç urup duran gyza bu okuw gaty bir kyn hem düşmändir. Ol Annamyrat halypadan aktýor ussatlygynyň inçe tilsimlerini öwrenip başlaýar.
Annamyrat mugallym öz talyplary bilen “Ýusup-Züleýha” dessany boýunça spektakl sahnalaşdyryp Selbä hatynyň keşbini janlandyrmagy tabşyrýar. Şol keşbi janlandyranyndan soň Selbi mekdep döwründe arzuw eden kärine ýetendigine göz ýetirýär. 2004-nji ýylda instituty tapawutlanan bahalar bilen tamamlan Selbi Babylowany şol wagt hereket edýän Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatryna işe ýollaýarlar. Bu teatryň sahnasynda Selbä ýaş artist hökmünde “Serpaý” atly sahna oýnunda Gyzsoňynyň keşbini janlandyrmak miýesser edýär. Şunlukda, teatrda ýene-de bir ýaş zehinli artistiň peýda bolandygy aýan bolýar. Gyzsoňynyň keşbini janlandyryşy barada Selbi Babylowa žurnalistleriň biri bilen söhbet edeninde şeýle diýipdir.
– Elbetde, tolgunýardym. Sebäbi uly teatryň sahnasynda atlary belli, halypa, ussat artistler bilen çykyş etmek bir tarapdan elýetmez bagtdy, beýleki birtarapdan bolsa ullakan mekdepdi.
Şol keşpden soň teatryň režissýorlary Selbä keşp yzyna keşp tabşyryp başlaýarlar. Selbiniň keşp janlandyran spektakllary bolan “Ýar gara gözleriň bendiwany men”, “Aşyklyk”, “Seniň wepaň üçin”, “Täsin söýgi”, “Döwlet guşy”, “Gelinleriň gozgalaňy”, “Zor aýakdan tebip bolan”, “Iki aganyň hyzmatkäri”, “Bagt kenary” atly spektakllar halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alnan spektakllar bolupdy. 2024-nji ýylda teatryň döredijilik topary ýazyjy dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň edebi eseri esasynda “Abyl-Kabyl” atly spektakly sahnalaşdyrýar. Spektaklyň režissýory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Eziz Işangulyýew Selbä Abyl we Kabylyň ejesi How enäniň keşbini janlandyrmagy ynanýar. Selbiniň çagalaryna janypkeş enäniň keşbini ýerine ýetirişini synlap oturşyňa tolgunanyňy duýman galýarsyň. Bu bolsa artistiň özüne ynanylan keşbi ynandyryjy edip, bütin süňňi bilen janlandyrmagy başarýanlygyndan habar berýär. Selbi Babylowa kino sungatyna-da öz goşandyny goşup gelýär.

Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde 2013-nji ýylda dramaturg Baýram Abdyllaýewiň edebi eseri boýunça Türkmenistanyň at gazanan artisti, aktýor hem režissýor Şirli Mollaýewiň surata düşüren, mawy ekran arkaly halk köpçüligine hödürlenen “Gumly gelin” atly çeper filmi okyjylaryň ýadynda bolsa gerek. Bu film teleýaýlymlarda häli-häzir hem görkezilip gelinýär. “Gumly gelin” filmi 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy. Şol ýyl bu film Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen gysga göwrümli çeper filmleriň festiwalyna gatnaşyp, festiwalyň baýragyna hem-de diplomyna eýe boldy. Tanymal aktrisa Selbi Babylowanyň “Gumly gelin” atly çeper filmde gumly gelniň keşbini ynandyryjy edip döredişini synlanyňda tolgunanyňy duýman galýarsyň. Kinomuşdaklarymyz Selbi Babylowany ir döwürler halypa kinorežissýor Muhammet Söýünhanowyň surata düşüren “Ajaýyp” atly çeper filmindäki Gülöwser atly gyzyň keşbi bilen hem tanaýan bolsalar gerek. Aslynda, Selbiniň kino sungatyna gelmegine entek talypka Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürilen “Ýönekeý gyz” atly film sebäp bolýar. Şol filmdäki esasy keşpleriň birine synpdaşlarynyň içinden Selbini saýlap alýarlar. Halypa kinorežissýor Muhammet Söýünhanow “Ajaýyp” filmini surata düşürjek bolanda filmiň baş gahrymany Gülöwseriň keşbini Selbä ynanýar. Gülöwser sada, edep-ekramly, söýgüsine wepaly gyz. Şol keşbi janlandyrandan soň Selbi durmuşda köp zada göz ýetiripdir. Şonuň ýaly-da Selbä “Kasam edýäris”, “Mertebe”, “Gyzamyk”, “Serpaý”, “Söwer ýardan aýrylma”, “Perzent”, “Ömür kerweni” atly köp bölümli filmlerde häsiýeti boýunça biri-birine meňzemeýän keşpleri ynandyryjy edip janlandyryp, kinomuşdaklarymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmak başardýar. Ir döwürler žurnalistleriň biriniň teatryň sahnasynda “Keşp janlandyrmak ýeňil düşýärmi ýa-da kinoda” diýip beren soragyna Selbi “Teatryň sahnasynda spektakl bir başlanyňdan soň tä soňuna çenli durman gidýär. Saý-sebäp bilen ýalňyşaýsaňam dowamyny kesmeli däl, şol ýerini soň, indiki gezekde düzedip bolýar. Sahnada saňa päsgel berýän ýok, öz eliň – öz ýakaň. Kinoda welin başgaça, kameranyň öňünde ýüz keşbiň, gözüň, bakyşyň bilen keşp döretmeli bolýar. Onsoňam teatrdan aýratynlygy, kinoda döreden keşbiň ömürlik galýar. Artist üçin kino hem gyzykly, emma men sahnada her gezek özümi täzeden dünýä inen ýaly duýýaryn. Men sahnasyz durmuşy göz öňüne hem getirip bilemok” diýip jogap beripdir.

Selbi Babylowanyň bagtly maşgalasy bar. Ol dört perzendi dünýä inderip, ösdürip kemala getiren zenan. Onuň Ahmet atly ogly sungata ýykgyn edýär. Selbi Babylowanyň ýanýoldaşy sungat işgäri bolmasa-da sungata sarpa goýýan ynsan. Ol öz ýanýoldaşynyň kärini goldap, hormat goýup, özüniň kömegini berip durýar. Selbi Babylowanyň teatr hem kino sungatynda bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp geçen ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda oňa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakylýar. Arzuw eden käri hasyl bolan teatr hem kino artisti ata Watanymyza, agzybir maşgalasyna, arzuw edip ýeten kärine guwanyp ýaşaýar hem halkymyza medeniýetli hyzmat edip gelýär. Ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi.

– Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerine goýýan sarpalary üçin çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.
Döwletmyrat Hojaberdiýew,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň magistranty.
PDF






