Ýewropadaky iň uzyn pyýada asma köprüler

6

Wengriýada bina edilen «Zemplén 723» asma köprüsü 723 metr uzynlygy bilen resmi taýdan dünýäniň iň uzyn adaty pyýada asma köprüsü hökmünde ykrar edildi we 2025-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şatoralýauýheý şäheriniň golaýynda, iki depäni birleşdirýän bu desga öňki rekordçy bolan Çehiýanyň «Sky Bridge 721» köprüsinden iki metr artyk uzynlygy bilen tapawutlanýar. Ýewropada pyýada asma köprüleriniň gurluşygynda soňky ýyllarda gazanylan bu üstünlikler Aziýadaky meşhur desgalaryň görkezijilerinden hem öňe saýlandy. Täze açylan Wengriýadaky köpri diňe bir syýahatçylyk däl, eýsem, simwoliki ähmiýete hem eýe bolup, ol halkyň agzybirligini aňladýan «Milli bitewilik köprüsü» diýlip atlandyrylýar.
Bu desgalar inženerçilik çäreleriniň çylşyrymlylygy we beýikligi bilen haýran galdyrýar. Meselem, dünýäde ikinji, Ýewropada bolsa birinji ýerde duran Çehiýanyň «Sky Bridge 721» köprüsü 95 metr beýiklikde ýerleşip, jemi 400 tonna agramy saklaýar. Germaniýada bolsa 2023-nji we 2024-nji ýyllarda açylan «Skywalk Willingen» (665 m) hem-de «Highwalk» (617 m) köprüleri dünýä reýtinginde öňdäki orunlary eýeleýärler. Wengriýadaky täze rekordçy bolsa 500 tonna polatdan ybarat bolup, onuň merkezinde ýörite aýna böleginiň ýerleşdirilmegi syýahatçylar üçin has-da täsirli şertleri döredýär.
Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde, şol sanda Hytaýda, Nepalda we Ýaponiýada beýik asma köprüler bar bolsa-da, inženerçilik taýdan iň uzyn pyýada ýollary Germaniýa, Çehiýa, Finlýandiýa we Wengriýa ýaly Ýewropa ýurtlaryna degişlidir. Bu desgalar sebitde syýahatçylygyň ösmegine we tebigy landşaftlara täzeçil görnüşde syn etmäge uly mümkinçilikler açýar.