Gazagystan we Türkiýe strategik hyzmatdaşlygy täze derejä çykardylar

4

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde «Ebedi dostluk we giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama» gol çekildi. Taraplar özara haryt dolanşygynyň möçberini 13 milliard ýewro ýetirmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, goranyş, energetika, ulag we sanly tehnologiýalar ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda Türkiýäniň Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän, şeýle hem tutuş türki dünýäsi üçin möhüm «altyn köpri» bolup hyzmat edýändigi aýratyn bellenildi.

Saparyň çäklerinde iki ýurduň Liderleriniň başlyklyk etmeginde Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 6-njy mejlisi we işewürlik maslahaty geçirildi. Taraplar Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän Hazarüsti halkara ulag ugrunyň (Orta geçelge) mümkinçiliklerini giňeltmek, oba hojalygynda 2026-2028-nji ýyllar üçin «ýol kartasyny» durmuşa geçirmek we energetika taslamalarynda türk maýalarynyň paýyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gazagystanyň ýokary döwlet sylagy bolan Hoja Ahmet Ýasawy ordeni bilen sylaglanyp, bu çäre doganlyk gatnaşyklaryň şaýatnamasy hökmünde kabul edildi. Bu taryhy sapar Türki döwletleriň guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda amala aşyrylyp, sebitdäki ykdysady we syýasy bitewiligi berkitmäge uly goşant goşdy.