Ylym-bilim – ösüşiň binýady

1

Hä­zir­ki dö­wür­de ylym we bi­lim jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji bo­lup dur­ýar. Dün­ýä döw­let­le­ri­niň ösüş de­re­je­si ola­ryň bi­lim ul­ga­my­nyň hi­li­ne, yl­my bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ne we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­ne bag­ly­dyr. Şo­nuň üçin hem köp ýurt­lar­da ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy­na, alym­la­ryň tä­ze açyş­lar et­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär.
Dün­ýä tej­ri­be­si­ne se­re­dilende, ösen döw­let­ler­de bi­lim ul­ga­my in­no­wa­si­ýa bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. My­sal üçin, Ýa­po­ni­ýa, Ger­ma­ni­ýa we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy ýa­ly ýurt­lar­da mek­dep­ler­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den ula­nyl­ýar. Okuw­çy­lar di­ňe bir na­za­ry bi­lim al­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, dö­re­di­ji­lik­li pi­kir­len­mä­ge, yl­my tas­la­ma­lary taý­ýar­la­ma­ga hem hö­wes­len­di­ril­ýär. Uni­wer­si­tet­ler bol­sa se­na­gat kär­ha­na­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp düz­ýär­ler. Şeý­le gat­na­şyk yk­dy­sa­dy ösü­şe hem uly tä­sir ed­ýär. Şeý­le hem Sin­ga­pur ylym-bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek ar­ka­ly yk­dy­sa­dy taý­dan güýç­li döw­le­te öw­rül­di. Bu ýur­duň mek­dep­le­rin­de ma­te­ma­ti­ka, teh­no­lo­gi­ýa we te­bi­gy ylym­lar çuň­ňur öw­re­dil­ýär. Okuw­çy­lar hal­ka­ra bäs­le­şik­ler­de ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär­ler. Şeý­le üs­tün­lik­ler bi­lim ul­ga­my­nyň hi­li­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ösü­şi bi­lim ul­ga­my­na uly tä­sir et­di. Elektron okuw ki­tap­la­ry, on­laýn sa­pak­lar, eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we san­ly ki­tap­ha­na­lar bi­lim al­ma­gy has ýe­ňil­leş­dir­di. Pan­de­mi­ýa döw­rün­de köp ýurt­la­ryň uzak ara­lyk­dan bi­lim ul­ga­my­na geç­me­gi hem san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni gör­kez­di.
Şeý­le hem dün­ýä­de eme­li aň, ro­bo­to­teh­ni­ka, bio­teh­no­lo­gi­ýa ýa­ly ugur­lar aý­ra­tyn ösüş ga­zan­dy. Bu bol­sa ýaş­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­li bi­lim al­ma­gy­na ze­rurlyk döredýär. Köp ýurt­lar­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mä­ge, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge we san­ly bi­lim plat­for­ma­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň tej­ri­be­sin­de hem ylym-bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça giň gerimli iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da tä­ze mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Okuw otag­la­ry hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter­le­ri, in­te­rak­tiw tag­ta­lar we in­ter­net ul­ga­my bi­len üp­jün edil­ýär. Ýaş­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni, aý­ra­tyn-da iň­lis di­li­ni öw­ren­me­gi­ne uly müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär.
Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak, elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ry dö­ret­mek we uzak ara­lyk­dan okat­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hal­ka­ra olim­pia­da­lar­da türk­men ýaş­la­ry­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri ola­ryň bi­lim de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Ýur­du­myz­da yl­my ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ýaş alym­la­ra gol­daw be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy dür­li ugur­lar bo­ýun­ça yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ýar. Ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy, luk­man­çy­lyk we eko­lo­gi­ýa ýa­ly ugur­lar­da tä­ze tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu iş­ler ýur­duň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga we hal­kyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hyz­mat ed­ýär.
Ne­ti­je­de, dün­ýä tej­ri­be­si hem, Türk­me­nis­ta­nyň tej­ri­be­si hem bir ha­ky­ka­ty tas­syk­la­ýar: ylym we bi­lim ösü­şiň iň yg­ty­bar­ly ýo­lu­dyr. Döw­re­bap bi­lim alan, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry öz­leş­dir­ýän we yl­ma gy­zyk­lan­ýan ýaş­lar ýur­duň gel­je­gi­niň berk bin­ýa­dy­dyr. Şo­nuň üçin ylym-bi­li­mi ös­dür­mek her bir döw­le­tiň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup gal­ýar.

Aýna Abaýewa,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.