Goşa mukaddesligiň baýramy

1

Her ýy­lyň 18-nji ma­ýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýär. Ga­raş­syz­lyk we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk bi­len bir­lik­de, Esa­sy Ka­nu­ny­myz hem-de döw­let ny­şan­la­ry­myz türk­men hal­ky­nyň döw­let­li­li­gi­ni, onuň gym­mat­lyk­la­ry­ny, mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni hem-de döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ugur­la­ry­ny şöh­le­len­dir­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len tä­ze re­dak­si­ýa­da ka­bul edi­len hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ry­nyň ta­lap­la­ry­na uý­gun­laş­dy­ry­lan Esa­sy Ka­nu­ny­myz de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­ti­miz­de bi­te­wü­li­gi, ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy­ny we hu­kuk ter­ti­bi­ni şöh­le­len­dir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň baş aý­ra­tyn­ly­gy onuň ada­myň te­bi­gy we aý­ryl­maz hu­kuk­la­ry­ny ke­pil­len­dir­me­gin­den yba­rat­dyr. Şah­sy­ýet, onuň hu­kuk­la­ry we azat­lyk­la­ry türk­men jem­gy­ýe­ti üçin iň ýo­ka­ry gym­mat­lyk bo­lup dur­ýar.
Baý­dak türk­men hal­ky üçin Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy we Bi­ta­rap­ly­gy­my­zy, be­ýik geç­mi­şi­mi­zi, bag­ty­ýar şu gü­nü­mi­zi we ýag­ty gel­je­gi­mi­zi, na­my­sy­my­zy hem-de mer­te­bä­mi­zi ala­mat­lan­dyr­ýan, ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­dyr. Ýü­zün­de ga­dy­my ha­ly na­gyş­la­ry, bäş ýyl­dyz­ly ýa­ry­maý hem-de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­my­zyň ny­şa­ny hök­mün­de zeý­tun şa­ha­la­ry ýer­leş­di­ri­len ýa­şyl Tu­gu­myz dün­ýä­de ýur­du­my­zyň we eder­men hal­ky­my­zyň şöh­ra­ty­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hyn­da Kons­ti­tu­si­ýa we Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni aý­ra­tyn or­na eýe­dir. Bu go­şa baý­ram ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň, öz­baş­dak­ly­gy­my­zyň we saý­lap alan de­mok­ra­tik ýo­lu­my­zyň da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr. Bu mu­kad­des­lik­le­ri go­rap sak­la­mak we gel­jek­ki ne­sil­le­re ge­çir­mek di­ňe bir buý­sanç däl, eý­sem, uly jo­gap­kär­çi­lik­dir. Bu jo­gap­kär­çi­li­giň öze­ni bol­sa wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si we döw­re­bap ylym-bi­lim­dir.
Bi­ziň Esa­sy Ka­nu­ny­myz – Kons­ti­tu­si­ýa­myz we as­ma­ny­myz­da par­la­ýan ýa­şyl Tu­gu­myz hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly geç­mi­şi­niň we röw­şen gel­je­gi­niň ny­şa­ny­dyr. Baý­da­gy­my­zyň ýü­zün­dä­ki bäş sa­ny mil­li göl hal­ky­my­zyň bi­te­wü­li­gi­ni, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­gi­ni we me­de­ni mi­ra­sy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýaş nes­li wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Wa­tan­çy­lyk di­ňe bir söz­de däl, eý­sem, amal­da – ýur­duň ösü­şi­ne goş­ýan go­şan­dyň­da, ta­ry­hy­ňa bo­lan hor­ma­tyň­da we bi­lim al­ma­gyň­da ýü­ze çyk­ma­ly­dyr.
Pa­ra­hat­çy­ly­gyň iň uly gu­ra­ly – bu güýç­li we bi­lim­li ne­sil­dir. Hä­zir­ki za­man bi­lim ul­ga­my di­ňe bir fi­zi­ki taý­ýar­ly­gy däl, ýo­ka­ry in­tel­lek­tu­al ukyp­la­ry hem ta­lap ed­ýär. Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň ber­ka­rar­ly­gy we Baý­da­gy­my­zyň par­lap dur­ma­gy bi­ziň ag­zy­bir­li­gi­mi­ze we ylym­ly-bi­lim­li ýaş­la­ry­my­za bag­ly­dyr. Goý, bi­ziň ýa­şyl Tu­gu­myz ba­ky par­la­syn, ýaş­la­ry­my­zyň ylym-bi­lim ýo­ly he­mi­şe aý­dyň bol­sun!

Bahar ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň uly mugallymy.