19-njy maýda Londonyň «Tate Modern» muzeýinde geçirilen dabarada 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Bu abraýly baýraga Hytaý Taýpeýinden bolan zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szy hem-de terjimeçi Lin King özleriniň «Taýwan ýol ýazgylary» (Taiwan Travelogue) atly romany bilen mynasyp boldular. Şeýlelikde, ilkinji gezek 2020-nji ýylda neşir edilen bu eser iňlis diline terjime edilen çeper edebiýat ugry boýunça berilýän meşhur baýragy gazanan mandarin dilindäki ilkinji roman hökmünde edebiýat taryhyna girdi. Ýeňijilere gowşurylan 50 müň funt sterling möçberindäki baýrak gaznasy düzgün boýunça awtor bilen terjimeçiniň arasynda deň paýlandy.
Eseriň ýordumy 1930-njy ýyllaryň taryhy şertlerinde amala aşyrylan syýahat ýazgylaryna esaslanyp, onda iki zenanyň ada boýunça amala aşyran syýahaty beýan edilýär. Baýragyň guramaçylary bu eseriň taryhy ýazgylar, durmuşy gatnaşyklar, jemgyýetçilik aýratynlyklary hem-de ynsanperwerlik temalaryny öz içine alýandygyny hem-de dil we medeni gymmatlyklary inçe öwüşginde açyp görkezýändigini bellediler. Ýazyjy Ýaň Şuan-szy bu romanyň üsti bilen şol döwrüň çylşyrymly taryhy şertlerini çeper sözüň güýji bilen beýan etmegi maksat edinendigini aýtdy.
Häzirki wagtda dünýä edebiýatynyň muşdaklarynyň arasynda uly gyzyklanma döreden bu eseri çap etmek hukugy dünýäniň 23 döwletine satyldy. Ol şu ýylky gysga sanawa giren Germaniýadan Şida Bazýaryň «Tähranda gijeler asuda», Daniel Kelmanyň «Režissýor», Bolgariýadan Rene Karabaşyň «Şol, galan zenan», Braziliýadan Ana Paula Maýanyň «Ýer ýüzünde bolşy ýaly» hem-de Fransiýadan Mari Ndiaýyň «Albassy» ýaly kämil eserleriniň arasyndan saýlanmagy başardy. Mälim bolşy ýaly, Halkara Buker baýragy 2016-njy ýyldan bäri häzirki görnüşinde, daşary ýurtly awtorlaryň iňlis diline terjime edilip, Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen iň gowy çeper eserleri üçin her ýyl yzygiderli gowşurylýar.
PDF









