Lukaşenko Hytaýa saparyndan soň Indoneziýa ugrady

2

Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparyny tamamlap, Indoneziýa bardy we bu ýerde bilelikdäki maýa goýum maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurduň Hökümet agzalary bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «BelTA» agentligi habar berýär.  Indoneziýanyň maýa goýum ministri Rosan Perkasa Ruslaniniň tassyklamagyna görä, Indoneziýanyň Prezidenti Belarus bilen ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy we ösdürmegi tabşyrdy. Şeýle hem saparyň çäklerinde Lukaşenkonyň Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto bilen duşuşmagyna garaşylýar. Belarusyň Baştutany sebit saparlarynyň çäklerinde Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen ykdysady hem-de maýa goýum baglanyşyklaryny berkitmegi göz öňünde tutýar.