Eýranyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim edildi

4

Dünýä Kubogyna Aziýadan gatnaşýan Eýranyň ýygyndysynyň düzümini tälimçi Amir Galenoi mälim etdi. Düzüme çagyrylan 26 futbolçynyň aglabasy ýerli çempionatlarda çykyş edýän futbolçylardyr. Toparyň meşhur hüjümçisi Sardar Azmun käbir sebäplere görä, milli ýygynda çagyrylmady. Tälimçi 29 ýaşyndaky Germaniýada doglan Dennis Ekerti hem milli topara aldy. Ol mart aýynda Nigeriýa hem-de Kosta Rika duşuşyklarynyň düzümine-de çagyrylypdy. Dennis Dargahi adyny alan hüjümçi kakasynyň asly eýranlylardan gaýdýar. Ol häzirki wagtda Belgiýanyň Standard toparynda çykyş edýär.

Eýranyň ýygyndysy “G” toparçada Müsüriň, Belgiýanyň hem-de Täze Zelandiýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

DERWEZEÇILER
Alireza Beiranwand (Traktor)
Paýam Niazmand (Persepolis)
Hossein Hosseini (Sepahan)

GORAGÇYLAR
Saleh Hardani (Esteglal)
Ehsan Hajsafi (Sepahan)
Şojae Halilzadeh (Traktor)
Milad  Mohammadi (Persepolis)
Hossein Kanaanizadegan (Persepolis)
Aria Ýusefi (Sepahan)
Ali Nemati (Fulad)
Ramin Rezaeian (Fulad)
Danial Eiri (Malawan)

ÝARYMGORAGÇYLAR
Saeid Ezatolahi (Şabab Al-Ahli, BAE)
Alireza Jahanbahş (Dender, Belgiýa)
Mohammad Mohebi (Rostow)
Saman Goddos (Kalba, BAE)
Ruzbeh Çeşmi (Esteglal)
Mehdi Torabi (Traktor)
Mohammad Gorbani (Al-Wahda, BAE)
Amirmohammad Razzaginia (Esteglal)

HÜJÜMÇILER
Mehdi Taremi (Olimpiakos)
Mehdi Gaýedi (Al-Nasr, BAE)
Ali Alipur (Persepolis)
Amirhossein Hosseinzadeh (Traktor)
Şahriýar Moganlu (Kalba, BAE)
Dennis Ekert (Standard Liež, Belgiýa)