Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda geçirilen ses berlişikde Bangladeşiň daşary işler ministri Halilur Rahmany 81-nji sessiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy. Bir ýyllyk möhlet bilen Baş Assambleýanyň işine ýolbaşçylyk etjek täze başlyk ses berlişigiň netijesinde agza döwletleriň 99-synyň goldawyny almagy başardy, onuň bäsdeşi bolan Kipr Respublikasynyň wekili Andreas Kakuris bolsa 91 ses aldy. Sentýabr aýynda işe başlajak Halilur Rahman bu wezipede Germaniýanyň öňki daşary işler ministri Annalena Berbogyň ýerine geçer.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş täze saýlanan başlygy gutlap, onuň öňe süren «Ynamy dikeltmek, özgertmeleri dolandurmak: hemmeleriň bähbidine işleýän Birleşen Milletler Guramasy» atly mowzugynyň örän wajypdygyny aýratyn belledi. Baş Sekretaryň sözlerine görä, bu çemeleşme gurama döredilen 1945-nji ýyldan bäri dünýä jemgyýetçiliginiň umumy wezipeleri çözmek baradaky tagallalaryny birleşdirýän köptaraplaýyn ulgamy berkitmäge gönükdirilendir.
Guterriş Baş Assambleýanyň häzirki ýolbaşçysy Annalena Berboga köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, BMG-niň özgertmelerini durmuşa geçirmäge we «Gelejegiň paktyny» amala aşyrmaga goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Guramanyň ýolbaşçysy Baş Assambleýanyň çäklerinde her gün alnyp barylýan diplomatik gepleşikleriň durnuklylyga bolan ynamy artdyrýandygyny belläp, «Gelejegiň pakty» we «BMG-80» başlangyjynyň guramany täzelemek üçin berk esas döredýändigini aýtdy. Baş sekretar ähli taraplary taryhy pursatda agzybirligi görkezmäge we adamzat we planetamyz üçin zerur bolan anyk netijeleri gazanmaga çagyrdy.
PDF









