Eýranyň futbolçylary ABŞ-nyň wizalaryny aldylar

4

Dünýä çempionatynyň başlanmagyna 10 günden hem az wagt galanda, Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň oýunçylary halkara ýaryşa gatnaşmak üçin ABŞ-nyň wizalaryny aldylar. Emma federasiýanyň birnäçe ýokary wezipeli resmileri we topar işgärleri entek hem rugsatnama garaşýarlar. Wizalaryň berilmeginiň gijikdirilmegi sebäpli eýranly futbolçylaryň çempionata taýynlyk meýilnamasyna üýtgetmeler girizildi. Eýranyň milli ýygyndysy Dünýä çempionatynyň “G” toparyndaky ilkinji duşuşygyny 15-nji iýunda Los-Anjeles şäherinde Täze Zelandiýanyň garşysyna geçirer.
“Tasnim” habarlar agentliginiň beren maglumatyna görä, Eýranyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Mehdi Taç, guramanyň baş sekretary Hedaýat Mombini, ýerine ýetiriji direktor Mehdi Herati we media gullugynyň direktory Mohsen Motamedkiýa entek wiza alyp bilmediler. Bu resmi şahslar wiza meseleleri çözülýänçä, topar bilen bilelikde Meksika ugrarlar. Guramaçylyk işlerini kadaly dowam etmek maksady bilen, ýygyndy topar özüniň okuw-tälim beriş bazasyny Arizona ştatyndan Meksikanyň Tihuana şäherine geçirdi.

Eýranyň milli ýygyndysy toparlaýyn tapgyrda Täze Zelandiýadan başga-da, Belgiýanyň we Müsüriň ýygyndylary bilen duşuşar. Wiza meseleleriniň ýüze çykmagy Waşington bilen Tähranyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy bilen düşündirilýär.