NASA Aýda baza gurmak üçin emeli aňy ulanar

3

Amerikanyň Aerokosmos edarasy (NASA) Aýda hemişelik bazanyň gurluşygynda pilotsyz enjamlaryň we emeli aňyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Bu barada NASA-nyň Aý bazasyny döretmek boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Karlos Garsiýa Galan mälim etdi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda taslamanyň ilkinji tapgyrlary durmuşa geçirilip, degişli ulgamlaryň gurluşygy dowam edýär.
Täze tehnologiýalar, aýratyn-da, emeli aň ulgamy meýilleşdirilýän çärelerde esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Pilotsyz enjamlar we emeli aň degişli çägi öwrenmek, şeýle hem kosmos gämileriniň gonmagy üçin amatly ýerleri anyklamak işlerini amala aşyrar. Agentligiň wekili häzirki wagtda taslamanyň başlangyç tapgyrdadygyny, şol sebäpli käbir synag we kemçilikleri düzetmek işleriniň hem utgaşdyrylýandygyny aýtdy.
Ýatladyp geçsek, NASA şu ýylyň mart aýynda Ýeriň hemrasynda hemişelik bazany döretmek boýunça tapgyrlaýyn işleriň başlanandygyny yglan edipdi. Bu iri möçberli taslama üç tapgyrdan ybarat bolar. Ilkinji nobatda, Aýa çenli ulag gatnawyny üpjün etmek, şeýle hem esasy energetika, ylmy we aragatnaşyk düzümlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Ikinji tapgyrda halkara kosmos agentlikleriniň işläp taýýarlamalaryna esaslanyp, ýaşaýyş düzümini we logistika ulgamyny döretmek meýilleşdirilýär. Jemleýji tapgyrda bolsa ynsanlaryň Aýda uzak wagtlap galmagy üçin doly mümkinçilikler dörediler.