Ki­çi­jik jü­bi nä­me üçin go­ýul­ýar?

3

Jins jal­bar­la­ryň sag ta­rap­da­ky jü­bü­sin­de goş­ma­ça ki­çi­jik jü­bi­ni gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Ara­ňyz­da ki­çi­jik jü­bi­niň nä­me üçin goý­lan­dy­gy we nä­me ze­rur­ly­gy­nyň bar­dy­gy ba­ra­da gy­zyk­lan­ýan­la­ry­ňyz hem bar­dyr. Eý­sem, ir­ki ýyl­lar­da oý­la­nyp ta­py­lan we orun alan ki­çi­jik jü­bi nä­me üçin ge­rek?!
Teň­ňe ýa-da ýe­ňil­räk zat sa­lyn­sa-da, jin­si­dä­ki ki­çi­jik jü­bi­niň go­ýul­ma­gy­nyň mak­sa­dy baş­ga. Ýag­ny ir­ki dö­wür­ler­de adam­lar dür­li gör­nüş­li sa­gat­la­ry ula­nyp­dyr­lar. Hat­da Ýew­ro­pa­da ýa­nyň­da sa­gat gö­ter­mek me­de­ni­ýe­tiň, işe­wür­li­giň ny­şa­ny bo­lup, XVII asyr­da her bir er­kek ada­myň ýa­nyn­da ýü­zi ga­pak­ly­ja zyn­jyr­ly sa­gat bo­lup­dyr. Go­şar sa­gat­la­ry oý­la­nyp ta­pyl­ma­zyn­dan öň ula­ny­lan zyn­jyr­ly sa­gat­lar jü­bü­de gö­te­ri­lip­dir. Uly jü­bü­le­riň ta­ga­şyk­syz­dy­gy se­bäp­li, zyn­jyr­ly sa­gat­lar üçin ki­çi­jik jü­bü­ler oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Egin-eşik di­zaý­ny­nyň ta­ry­hyn­da ki­çi­jik jü­bü­ler «sa­gat jü­bü­le­ri» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da hem jins jal­bar­lar­da ki­çi­jik jü­bü­ler go­ýul­ýar. Mu­nuň se­bä­bi jin­si­le­riň nus­ga­wy di­zaý­ny­nyň üýt­ge­dil­mez­li­gi bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Kä­bir pen­jek jal­bar­lar­da hem «bä­şin­ji jü­bi» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ki­çi­jik jü­bü­ler bar.