Ertir badalga alýan 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionaty daşky gurşawa iň köp zyýan ýetirjek ýaryş hökmünde taryha girip biler. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, bu çempionat global ekologiýa 2022-nji ýylda Katarda geçirilen ýaryşdakydan iki esse köp zyýan ýetirer. Muňa esasan hem, 48 toparyň, žurnalistleriň we millionlarça janköýeriň Demirgazyk Amerikanyň 3 döwletiniň 16 şäheriniň arasyndaky ägirt uly aralyklary geçmeli bolmagy sebäp bolar.
«Greenly» halkara guramasynyň berýän maglumatyna görä, ýaryşyň dowamynda atmosfera 7,8 million tonna kömürturşy gazynyň bölünip çykmagyna garaşylýar. Bu bolsa Sierra-Leonäniň bir ýyllyk zyýanly galyndylaryna ýa-da 1,7 million awtoulagyň bir ýylda çykarýan tütününe barabardyr. Geçirilen barlaglar zyýanly galyndylaryň 87 göteriminiň hut uçar gatnawlary bilen bagly boljakdygyny görkezýär. Katarda 7 sany täze stadionyň gurlanlygy sebäpli ekologiýa 3,8 million tonna zyýan ýeten bolsa, bu gezek täze stadion gurulmasa-da, gatnaşýan toparlaryň sanynyň artmagy we oýunlaryň biri-birinden örän uzak şäherlerde geçirilmegi ekologik çykdajylary has-da ýokarlandyrdy.
FIFA guramasy BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça maslahatynda (COP26) kabul eden borçnamalaryna laýyklykda, meýilnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Gurama daşky gurşawa täsiri azaltmak üçin bar bolan stadionlardan peýdalanmagy, janköýerleriň jemgyýetçilik ulaglaryny ulanmagyny ündemegi hem-de galyndylary gaýtadan işlemegi meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, çempionatyň sanly ulgamlar arkaly tomaşa edilmegi hem ägirt uly elektrik energiýasynyň sarp edilmegine we goşmaça ekologik ýüke sebäp bolýar.
PDF









