Gen terapiýasy synagdan geçirilýär

4

Amerikanyň «Life Biosciences» biotehnologiýa kompaniýasy adamzat taryhynda ilkinji gezek öýjükleriň garramagyny yza öwürmäge we olary dikeltmäge gönükdirilen «ER-100 (AAV2-OSK)» gen terapiýasyny kliniki synagdan geçirip başlady. Gözüň görüş nerwleriniň zeperlenmegi bilen bagly bolan agyr keselleri bejermek üçin niýetlenen bu innowasion usul «OSK» diýlip atlandyrylýan üç sany beloga esaslanýar. Ol öýjükleriň genetiki maglumatyny üýtgetmezden, wagtyň geçmegi we dürli şertler netijesinde ýüze çykan negatiw üýtgeşmeleri «nola deňläp», öýjükleri ýaşlyk ýagdaýyna döndürmäge ukyplydyr. Bu açyşyň düýbi 2012-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolan ylmy işe esaslanyp, ol ozal laboratoriýa haýwanlarynda üstünlikli barlandy we indi ilkinji gezek adam ýüzünde synalýar.
Häzirki wagtda başlanan birinji tapgyrlaýyn kliniki synaglaryň çäklerinde täze derman serişdesiniň howpsuzlygy barlanýar we oňa gözüň agyr hassalyklary bolan açyk burçly glaukoma hem-de görüş nerwiniň işemiýa neýropatiýasy (NAION) bilen kesellän näsaglar gatnaşýarlar. Alymlaryň bellemegine görä, garrama we onuň bilen bagly keseller yza öwürilmez ýitgiler netijesinde däl-de, öýjüklerdäki maglumatlaryň ýitmegi sebäpli ýüze çykýar we şol maglumatlary dikeltmek arkaly körlügiň öňüni alyp bolar. Bu tehnologiýany geljekde bagyr we beýleki içerki agzalaryň kesellerini bejermekde hem ulanmak göz öňünde tutulýar. Dünýäniň başga-da birnäçe iri ylmy merkezleri adamyň ömrüni ortaça on ýyl uzaltmaga ukyply şuňa meňzeş taslamalaryň üstünde işläp, bu ugra uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýärler.