Ku­ber-Pe­di – opa­lyň ýe­ras­ty paý­tag­ty

1

Ku­ber-Pe­di Awst­ra­li­ýa­nyň iň çet­ki bö­le­gin­de ýer­leş­ýän, örän gu­rak we giň land­şaft bi­len gur­şa­lan ki­çi­jik şä­her­dir. Örän ys­sy ho­wa se­bäp­li şä­her­çä­niň ýa­şaý­jy­la­ry ýe­ras­ty go­wak­lar­da, ýag­ny ýer­ze­min­de ýa­şa­ýar­lar. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­dan baş­ga-da, bu ýer­de ýe­ras­ty yba­dat­ha­na­lar, mu­zeý­ler we dü­kan­lar hem bar. Şä­her­çä­niň 1700 ýa­şaý­jy­sy bar.
1915-nji ýyl­da bu se­bit­den il­kin­ji ge­zek opal ta­py­lan­dan soň, Ku­ber-Pe­di şä­her­çe­si esas­lan­dy­ryl­ýar. Az wagt­dan bu ýe­re dün­ýä­niň 40-dan gow­rak ýur­dun­dan adam­lar gö­çüp ge­lip, opal ga­zyp al­mak bi­len meş­gul­la­nyp baş­la­ýar­lar. Dün­ýä­de opal önüm­çi­li­gi­niň 95 gö­te­ri­mi­ni Awst­ra­li­ýa eme­le ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li Ku­ber-Pe­di şä­her­çe­si­ne «Dün­ýä­niň opal paý­tag­ty» di­ýil­ýär.
Opal nä­me? Opal gid­rat­la­nan amorf krem­niý gör­nü­şi­dir. Opal sansk­rit di­lin­dä­ki «upa­la» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, «gym­mat­ba­ha daş» diý­me­gi aň­lad­ýar. Bu gym­mat­ba­ha­ly mi­ne­ral gök reňk­de bo­lup, ýal­pyl­da­wuk şöh­le saç­ýar. Opal­ şaý-sep­le­re, ýü­zü­ge gym­mat­ba­ha­ly daş hök­mün­de otur­dyl­ýar. Gök daş­dan mon­juk­dyr gu­lak­hal­ka hem ýa­sal­ýar. Mun­dan baş­ga-da, oda çy­dam­ly gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny ön­dür­mek­de opal­dan peý­da­la­nyl­ýar.
Ku­ber-Pe­di şä­her­çe­sin­de 250 müň­den gow­rak şah­ta bar. Bu ýer­de top­ra­gyň az­dy­gy, çä­ge ga­ry­şyk daş gat­la­gy­nyň bol­ma­gy şah­ta gaz­mak iş­le­ri­ni kyn­laş­dyr­ýar. Şah­ta­la­ryň äh­li­si döw­le­te de­giş­li bo­lup, hu­su­sy eýe­çi­lik ýö­re­dil­me­ýär. Ýa­şaý­jy­lar il­ki­baş­da öýün­den hem opal ga­zyp alyp bil­ýär­di­ler. Ýö­ne soň­ky ýyl­lar­da ýe­ras­ty ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da gök mag­dan kä­ni­ni ga­zyp al­mak ga­da­gan edil­di.
Mag­dan­çy­lar şä­her­çe­sine halk ara­syn­da «Ak ada­myň çu­ku­ry» hem di­ýil­ýär. Se­bä­bi ila­tyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­ny ýew­ro­pa­ly­lar eme­le ge­tir­ýär. Ku­ber-Pe­di­de tom­su­na ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy 45-50 de­re­je­de sak­lan­ýar. Ösüm­li­giň az­dy­gy, suw ýet­mez­çi­li­gi we şä­her­çä­niň gu­rak ýer­de ýer­leş­me­gi, to­zan­ly hem-de ep­gek­li ýel­le­riň köp öwüs­me­gi ýa­şa­ýyş şer­ti­ni kyn­laş­dyr­ýar. Şol se­bäp­li şä­her­çä­niň ýa­şaý­jy­la­ry ba­ýyr­la­ry ga­zyp, ýe­ras­ty jaý­la­ry gur­ýar­lar. Şä­her­çä­niň ila­ty­nyň 60 gö­te­rim­den gow­ra­gy ýe­riň as­tyn­da ýa­şa­ýar. Ýe­ras­ty öý­ler ses­siz we ra­hat bo­lup, iç­ki tem­pe­ra­tu­ra 23 de­re­jede sak­lan­ýar. Şeý­le hem to­mus pas­lyn­da duş gel­ýän zä­her­li mör-mö­jek­ler­den go­ran­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şä­her­çe­de dart­gyn­ly wa­ka­la­ra baý bir­nä­çe film («Ga­ra reňk», «Gy­zyl pla­ne­ta», «Ken­gu­ru Jek», «Opal ar­zu­wy», «Mars­da­ky ýyl­dyz­lar») su­ra­ta dü­şü­ril­di.