Çempionat bilen hoşlaşan ilkinji topar

11

“C” toparçada Braziliýanyň ýygyndysy 52 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşýan Gaitiniň ýygyndysyny 3-0 hasabynda ýeňdi. 3 gol hem 1-nji ýarymda hasaba alnyp, sambaçylara ýeňiş getiren gollaryň 2-sini Mateus Kunýa (23, 36), beýlekisini-de Winisius Junior (45+3) öz atlaryna ýazdyrdylar. Şeýlelikde, Gaitiniň ýygyndysy 2 oýunda ýeke utuk hem toplap bilmedi we olaryň soňky duşuşykda ýeňiş gazanan ýagdaýynda-da ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligi galmady. Başgaça aýdylanda, Gaitiniň ýygyndysy Dünýä Kubogy bilen hoşlaşan ilkinji topar boldy. Gaitiniň ýygyndysy soňky duşuşygyny Marokkonyň ýygyndysy bilen geçirer.