Özbegistanyň energetika pudagyny ösdürmek strategiýasy

4

Özbegistan Respublikasy ýurduň ykdysady ösüşini we ilatyň artýan isleglerini üpjün etmek maksady bilen, ýakyn bäş ýylda elektrik energiýasynyň önümçiligini 82 milliard kilowatt/sagatdan 120 milliard kilowatt/sagatdada ýetirmegi meýilleşdirýär. Daşkent halkara maýa goýum forumynda bellenilişi ýaly, ýurtda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyny 54 göterime ýetirmek we ilkinji atom elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlamak arkaly geljekki energiýa balansyny düýpli üýtgetmek göz öňünde tutulýar.
Bu uly göwrümli maksatlara ýetmek üçin Özbegistan tarapyndan ekologiýa taýdan arassa «ýaşyl» energetika taslamalaryna häzirki wagta çenli 6 milliard amerikan dollaryna golaý daşary ýurt maýa goýumlary çekildi we elektrik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga ýene-de 4 milliard dollar gönükdirmek meýilleşdirilýär. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) ýurtda «ACWA Power» we «Masdar» kompaniýalary bilen bilelikde iri gün elektrik stansiýalaryny we kuwwatly akkumulýator ulgamlaryny gurmak taslamalaryna 1 milliard dollardan gowrak serişde ugrukdyrdy.
Energiýa pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda Jizzah welaýatynda umumy kuwwaty 2000 megawatdan gowrak bolan ilkinji AES-iň gurluşygyna badalga berildi. Bütindünýä ýadro assosiasiýasynyň bilermenleriniň bellemegine görä, bu taslama ýurduň elektrik energiýasynyň 75 göterimini öndürýän tebigy gaza bolan garaşlylygyny ep-esli azaltmaga we gymmatly çig mal bolan tebigy gazy beýleki senagat pudaklaryna ugrukdyrmaga mümkinçilik berer.