1-nji iýulda Irlandiýa Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine alty aýlyk başlyklyk wezipesini resmi taýdan öz üstüne aldy. Ýurduň Premýer-ministri Mihol Martiniň mälim etmegine görä, bu jogapkärli wezipe dünýäde emele gelen çylşyrymly şertleriň arasynda aýratyn ähmiýete eýedir. “Agzybirlikde – güýç bar” diýen şygar astynda hereket etjek Irlandiýa guramanyň beýleki 26 agza döwletiniň arasynda gepleşikleri alyp barmak we möhüm meseleler boýunça ylalaşyklary gazanmak wezipesini ýerine ýetirer. 2026-njy ýylyň ahyryna çenli dowam etjek bu döwürde resmi Dubliniň öňünde durýan iň esasy ugurlar guramanyň giňelmegi, täze ýedi ýyllyk býujetiň taslamasyny taýýarlamak, daşary söwda gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak hem-de ykdysady bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak ýaly möhüm wezipelerden ybaratdyr.
Şu çäkde, Ukraina we Moldowa döwletleriniň gurama agza bolmak baradaky haýyşnamalaryna seretmek, şeýle hem bu ugurda has öňe giden Çernogoriýa bilen ylalaşyk şertnamasynyň taslamasyny taýýarlamagy tamamlamak maksat edinilýär. Maliýe ugrunda bolsa Ýewropa Bileleşiginiň 2 trillion ýewro möçberindäki täze ýedi ýyllyk býujeti boýunça agza ýurtlaryň talaplaryny utgaşdyrmak we oktýabr aýyna çenli umumy ylalaşyk resminamasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şol bir wagtda içerki bazary goramak boýunça “Ýewropada öndürilen” diýen senagat kadalaşdyryjy taslamanyň şertlerini anyklamak göz öňünde tutulýar.
PDF









