“Napoli” täze tälimçisini mälim etdi

4

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da geçen möwsümiň iň soňky tapgyrynda öz meýdançasynda asgyn gelip, Çempionlar Ligasynyň daşynda galany üçin “Milandan” ugradylan Massimiliano Allegriniň täze kluby resmi mälim edildi. 58 ýaşyndaky hünärmen “Napoli” toparynyň äze tälimçilineapollylar bilen 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. “Napoli” toparyny soňky 2 möwsüm Antonio Konte türgenleşdiripdi.

Tälimçilik karýerasy boýunça “Aglianese”, SPAL, “Grosseto”, “Sassuolo”, “Kaliari”, “Milan” (2 döwür), “Ýuwentus” (2 döwür) klublarynda işlän Allegri “Serie A”-da 6 gezek çempionlyk gazanyp, bu görkeziji boýunça 2-nji ýeri eýeleýär.