6-10-njy iýulda türkmen wekiliýeti Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Ženewanyň Halkara maslahatlar merkezinde geçirilýän “Kodeks Alimentarius” komissiýasynyň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar.
Wekiliýetiň düzümine Döwlet weterinariýa gullugynyň wekili A.Soltanmyradow, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili M.Annanepesowa girýärler.
“Kodeks Alimentarius” komissiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (WHO) Bilelikdäki Maksatnamasynyň ýokary hökümetara edarasy bolup, ol azyk önümleriniň howpsuzlygy, sarp edijileriň saglygyny goramak, şeýle hem halkara azyk söwdasynda adyl we aýdyň tejribeleri goldamak ulgamynda halkara standartlary, gollanmalary we amaly kodeksleri işläp taýýarlamak, kabul etmek hem-de yzygiderli kämilleşdirmek boýunça strategik işleri amala aşyrýar.
Mejlisiň işiniň dowamynda azyk önümleriniň howpsuzlygy babatda halkara standartlary kämilleşdirmek, azyk önümleriniň hiline we howpsuzlyguna gözegçilik etmegiň milli ulgamlaryny sazlaşdyrmak, sanitar talaplaryny ylmy taýdan esaslandyrmak, şeýle hem “Kodeks Alimentarius” ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek baradaky möhüm meseleler gözden geçirilýär. Ženewadaky köp günlük mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri hile gözegçilik standartlaryny, biohowpsuzlygy we pudagara özara hereketleriň gurallaryny kämilleşdirmek boýunça plenar mejlislere hem-de tehniki maslahatlaşmalara işjeň gatnaşarlar.
PDF









