7-8-nji iýulda Gazagystanyň Almaty şäherinde “Connect for Peace Festival 2026” (Parahatçylyk üçin baglan festiwaly 2026” atly çäre geçirildi. Media sowatlylygyny ösdürmäge bagyşlanan çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan žurnalistler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, media hünärmenleri, ylmy işgärler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Festiwal Internews guramasy tarapyndan, Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen amala aşyrylan CARAVAN taslamasynyň çäklerinde geçirildi.

6-njy iýulda, çäreden bir gün öň, festiwala gatnaşanlaryň arasynda bilim bäsleşigi geçirildi. Synag görnüşinde geçirilen bäsleşikde gatnaşyjylar toparlara bölünip, berlen sowallara jogap berdiler. Bäsleşikde, esasan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhyna, medeniýetine we media degişli sowallar berildi. Ýeňiji bolan toparlara sowgatlar berildi.
Festiwalda CARAVAN taslamasynyň direktory Wadim Sadonşoýew, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystan Respublikasyndaky wekiliýetiniň hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Ýohannes Baur we “Internews Europe” maksatnamasynyň direktory Deýwid Diedon gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
7-nji iýulda okuw sapaklary aýdym-sazly çykyşlar bilen başlady. Geçirilen okuw sapaklarynda sebitleýin we halkara bilermenler bilen bilelikde žurnalistikanyň geljegi, mediada emeli aňdan peýdalanmak, dezinformasiýa garşy göreş, sanly howpsuzlyk, maliýeleşdirmegiň täze modelleri we Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermenler emeli aň tehnologiýasyndan peýdalanmagyň usullaryny mysallaryň üsti bilen düşündirdiler.
Isleg bildirýän gatnaşyjylara Almatydaky Sungat muzeýine gezelenç etmäge mümkinçilik döredildi.

8-nji iýulda myhmanlara Merkezi Aziýada medeniýet, ekologiýa, taryhy ýadygärlik we sosial üýtgeşmeler barada dokumental filmlere tomaşa etmäge, sebit ýurtlarynyň milli gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Ýeri gelende bellesek, maý aýynyň başynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän CARAVAN media taslamasy tarapyndan sanly tehnologiýalar, media ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak bilen bagly hünär ussatlygy boýunça ýörite okuw sapaklary geçirildi. Media sowatlylygyna bagyşlanan okuw sapaklary talyplar we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin üç günläp, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin üç günläp aýratynlykda geçirilipdi.
PDF









