«Uly bäşlik» diýlip atlandyrylýan ýolbars, gaplaň, ýabany öküz, kerk we pil ýaly jandarlaryň ýaşaýan mesgeni bolan
Afrika yklymy gurak sebitdigine garamazdan, ýabany tebigaty bilen görenleri haýran galdyrýar. 54 ýurdy öz içine alýan we dünýäniň iň ýaş ilatly yklymy bolan Afrikada pingwinlere hem duş gelmek bolýar.
Afrika yklymynyň iň ösen ýurtlarynyň biri bolan Keniýa Respublikasy geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, aram howasy, köp milletli ilaty we garly daglary bilen tapawutlanýar. Ýurduň paýtagty we iň uly şäheri Naýrobi bolup, Hindi ummanynyň kenarynda ýerleşýän Mombasa ýurduň esasy port şäheri hasaplanýar. Bulardan başga-da, esasy şäherleriň hatarynda Kisumu we Nakuru hem bar. Keniýa demirgazyk-günbatarda Günorta Sudan, demirgazykda Efiopiýa, gündogarda Somali, günbatarda Uganda, günortada Tanzaniýa bilen serhetleşýär. Keniýa Hindi ummanynyň kenarynda ýerleşýän ýurtlaryň biridir. Ýurduň esasy bölegini jülgeler we sawannalar emele getirip, günbatar böleginde gurak howasy bolan Çalbi hem-de Niri çölleri ýerleşýär. Keniýanyň iň belent nokady üsti buz we gar bilen örtülen Keniýa dagy bolup, beýikligi 5 müň 199 metre ýetýär. Keniýanyň üstünden iki sany halkara awtoulag ýoly (Kair-Keýptaun, Lagos-Mombasa şaýollary) we demir ýol geçýär. Ýurtda 15 sany howa menzili bar.
580 müň 367 inedördül kilometr meýdany eýeleýän Keniýanyň 52 milliondan gowrak ilatynyň esasy bölegini hadza halky emele getirýär. Ökde awçylar bolan bu taýpa has irki ýyllarda Keniýanyň obalarynda mesgen tutupdyr. Soňlugy bilen esasy käri çopançylyk bolan beýleki taýpalar hem Keniýa göçüp barypdyrlar. 1963-nji ýylda Garaşsyzlygyny yglan eden Keniýa birnäçe halkara guramalaryň agzasydyr. Keniýanyň iki sany resmi dili bolup, ilatyň esasy bölegi iňlis we suwaýili dillerinde gepleşýär. Ýerli taýpalaryň arasynda bolsa 69 dil ulanylýar. Keniýanyň ykdysadyýetinde çaý, kofe we ter güller ýaly oba hojalyk önümleri, tokaý hojalygy we balykçylyk öňdäki orny eýeleýär. Ýurduň esasy bölegi tropik howa guşaklygynda ýerleşip, mart we aprel aýlarynda «uzak ýagyş» möwsümi bolýar. Ýaz paslynda käte suw joşmalary esasynda jülgelerde we sawannalarda kiçiräk köller emele gelýär. Kä ýyllar Keniýada uzak wagtlap gurakçylyk hem bolýar.
Keniýa Afrikanyň syýahatçylyk pudagynda ösen ýurtlarynyň biridir. Bu ýurt ýabany tebigaty, sawannalary we medeni däp-dessurlary bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. «Masai Mara», «Amboseli» we
«Tsawo» ýaly milli seýilgähler ýurduň iň meşhur ýerleri hasaplanýar. Keniýa barýan syýahatçylar milli seýilgählere aýlanmak bilen bir hatarda, ulagly safari gezelençlerini gurap, ýolbarslary, pilleri, žiraflary we zebralary ýakyndan synlamaga mümkinçilik gazanýarlar. Ýaz pasly gelende sawannalarda gezip ýören ýabany jandarlar Mara derýasynyň ugry bilen «Masai Mara» milli seýilgähine göçýärler. Ýolbars, gaplaň, ýabany öküz, kerk we pil, esasan, «Masai Mara» milli seýilgähinde duş gelýär.
Ýurduň günorta-gündogarynda «Mombasa», «Diani Beach» we «Galu Beach» kenarýaka dynç alyş merkezleri ýerleşýär. Bu dynç alyş merkezleri medeniýetli dynç almaga, deňziň täsin tebigatyny synlamaga mümkinçilik berýär. Täsin başdangeçirmeleri halaýanlar üçin Keniýa dagynda egrem-bugram dag ýollary we Ngong depeleri bar. Bu ýollara pyýada gezelenç etmek bilen, dag tebigatyny we Keniýanyň täsin gözelliklerini synlap bolýar. Ýurtda milli seýilgähleri we ýabany jandarlary goramak maksady bilen, 2017-nji ýylda bir gezeklik ulanylýan plastik önümler gadagan edildi. Ýurduň milli aşhanasynda Afrika, Hindi we Ýewropa tagamlary öňdeligi eýeleýär. Mekgejöwen unundan bişirilýän ugali, geçi we sygyr etinden közde daglanyp bişirilýän «nyama choma» we palaw ýurduň iň meşhur tagamlary hasaplanýar. Keniýa her ýyl 2 milliondan gowrak syýahatçy barýar.
PDF









