«Uly bäş­lik» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ýol­bars, gap­laň, ýa­ba­ny öküz, kerk we pil ýa­ly jan­dar­la­ryň ýa­şa­ýan mes­ge­ni bo­lan
Af­ri­ka yk­ly­my gu­rak se­bit­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ýa­ba­ny te­bi­ga­ty bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. 54 ýur­dy öz içi­ne al­ýan we dünýäniň iň ýaş ila­tly yklymy bo­lan Af­ri­kada ping­win­le­re hem duş gel­mek bol­ýar.
Af­ri­ka yk­ly­my­nyň iň ösen ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ke­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­de ýer­leş­me­gi, aram ho­wa­sy, köp mil­let­li ila­ty we gar­ly dag­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýur­duň paý­tag­ty we iň uly şä­he­ri Naý­ro­bi bo­lup, Hin­di um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Mom­ba­sa ýur­duň esa­sy port şä­he­ri ha­sap­lan­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, esa­sy şä­her­le­ri­ň ha­ta­ryn­da Ki­su­mu we Na­ku­ru hem bar. Ke­ni­ýa de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar­da Gü­nor­ta Su­dan, de­mir­ga­zyk­da Efio­pi­ýa, gün­do­gar­da So­ma­li, gün­ba­tar­da Ugan­da, gü­nor­ta­da Tan­za­ni­ýa bi­len ser­het­leş­ýär. Ke­ni­ýa Hin­di um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Ýur­duň esa­sy bö­le­gi­ni jül­ge­ler we sa­wan­na­lar eme­le ge­ti­rip, gün­ba­tar bö­le­gin­de gu­rak ho­wa­sy bo­lan Çal­bi hem-de Ni­ri çöl­le­ri ýer­leş­ýär. Ke­ni­ýa­nyň iň be­lent no­ka­dy üs­ti buz we gar bi­len ör­tü­len Ke­ni­ýa da­gy bo­lup, be­ýik­li­gi 5 müň 199 met­re ýet­ýär. Ke­ni­ýa­nyň üs­tün­den iki sa­ny hal­ka­ra aw­tou­lag ýo­ly (Ka­ir-Keýp­ta­un, La­gos-Mom­ba­sa şa­ýol­la­ry) we de­mir ýol geç­ýär. Ýurt­da 15 sa­ny ho­wa men­zi­li bar.
580 müň 367 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän Ke­ni­ýa­nyň 52 mil­li­on­dan gow­rak ila­ty­nyň esa­sy bö­le­gi­ni had­za hal­ky eme­le ge­tir­ýär. Ök­de aw­çy­lar bo­lan bu taý­pa has ir­ki ýyl­lar­da Ke­ni­ýa­nyň oba­la­ryn­da mes­gen tu­tup­dyr. Soň­lu­gy bi­len esa­sy kä­ri ço­pan­çy­lyk bo­lan beý­le­ki taý­pa­lar hem Ke­ni­ýa gö­çüp ba­ryp­dyr­lar. 1963-nji ýyl­da Ga­raş­syz­ly­gy­ny yg­lan eden Ke­ni­ýa bir­nä­çe hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ag­za­sy­dyr. Ke­ni­ýa­nyň iki sa­ny res­mi di­li bo­lup, ila­tyň esa­sy bö­le­gi iň­lis we su­wa­ýi­li dil­le­rin­de gep­leş­ýär. Ýer­li taý­pa­la­ryň ara­syn­da bolsa 69 dil ula­nyl­ýar. Ke­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de çaý, ko­fe we ter gül­ler ýa­ly oba ho­ja­lyk önüm­le­ri, to­kaý ho­ja­ly­gy we ba­lyk­çy­lyk öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär. Ýur­duň esa­sy bö­le­gi tro­pik ho­wa gu­şak­ly­gyn­da ýer­le­şip, mart we ap­rel aý­la­ryn­da «uzak ýa­gyş» möw­sü­mi bol­ýar. Ýaz pas­lyn­da kä­te suw joş­ma­la­ry esa­syn­da jül­ge­ler­de we sawannalarda ki­çi­räk köl­ler eme­le gel­ýär. Kä ýyl­lar Ke­ni­ýa­da uzak wagt­lap gu­rak­çy­lyk hem bol­ýar.
Ke­ni­ýa Af­ri­ka­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da ösen ýurt­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ýurt ýa­ba­ny te­bi­ga­ty, sa­wan­na­la­ry we me­de­ni däp-des­sur­la­ry bi­len ja­han­keş­de­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. «Ma­sai Ma­ra», «Am­bo­se­li» we
«Tsa­wo» ýa­ly mil­li se­ýil­gäh­ler ýur­duň iň meş­hur ýer­le­ri ha­sap­lan­ýar. Ke­ni­ýa bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar mil­li se­ýil­gäh­le­re aý­lan­mak bi­len bir ha­tar­da, ulag­ly sa­fa­ri­ ge­ze­lenç­le­ri­ni gu­rap, ýol­bars­la­ry, pil­le­ri, ži­raf­la­ry we zeb­ra­la­ry ýa­kyn­dan syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ga­zan­ýar­lar. Ýaz pas­ly­ ge­len­de sa­wan­na­lar­da ge­zip ýö­ren ýa­ba­ny jan­dar­lar Ma­ra der­ýa­sy­nyň ug­ry bi­len «Ma­sai Ma­ra» mil­li se­ýil­gä­hi­ne göç­ýär­ler. Ýol­bars, gap­laň, ýa­ba­ny öküz, kerk we pil, esa­san, «Ma­sai Ma­ra» mil­li se­ýil­gä­hin­de duş gel­ýär.
Ýur­duň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da «Mom­ba­sa», «Dia­ni Beach» we «Ga­lu Beach» ke­nar­ýa­ka dynç alyş mer­kez­le­ri ýer­leş­ýär. Bu dynç alyş mer­kez­le­ri me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­ga, deň­ziň tä­sin te­bi­ga­ty­ny syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Tä­sin baş­dan­ge­çir­me­le­ri ha­la­ýan­lar üçin Ke­ni­ýa da­gyn­da eg­rem-bug­ram dag ýol­la­ry we Ngong de­pe­le­ri bar. Bu ýol­la­ra py­ýa­da ge­ze­lenç et­mek bi­len, dag te­bi­ga­ty­ny we Ke­ni­ýa­nyň tä­sin gö­zel­lik­le­ri­ni syn­lap bol­ýar. Ýurt­da mil­li se­ýil­gäh­le­ri we ýa­ba­ny jan­dar­la­ry go­ra­mak mak­sa­dy bi­len, 2017-nji ýyl­da bir ge­zek­lik ula­nyl­ýan plas­tik önüm­ler ga­da­gan edil­di. Ýur­duň mil­li aş­ha­na­syn­da Af­ri­ka, Hin­di we Ýew­ro­pa ta­gam­la­ry öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Mek­ge­jö­wen unun­dan bi­şi­ril­ýän uga­li, ge­çi we sy­gyr etin­den kö­zde dag­la­nyp bi­şi­ril­ýän «nya­ma cho­ma» we pa­law ýur­duň iň meş­hur ta­gam­la­ry ha­sap­lan­ýar. Ke­ni­ýa her ýyl 2 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy bar­ýar.