Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygynyň ýurduň ykdysadyýeti üçin ikinji «Kumtor» altyn känine deň geljek girdeji getirjekdigini, ýurdy ulag çäklendirmelerinden çykarjakdygyny we möhüm üstaşyr döwlete öwrüljekdigini mälim etdi. Döwlet Baştutany bu strategik taslamanyň amala aşyrylmagy netijesinde Gyrgyzystanyň iri halkara ulag-logistika ulgamyna doly goşulyşyp, möhüm üstaşyr döwlete öwrüljekdigini nygtady.

«Kabar» agentligine salgylanýan maglumatlara görä, täze demir ýol ugry Hytaý bilen dünýä döwletleriniň arasynda esasy baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat eder hem-de üstaşyr gatnawlardan durnukly we uzak möhletleýin girdejileri üpjün eder. Prezident Sadyr Žaparow häzirki wagtda ýurduň eksport we import amallarynyň daşky şertlere baglydygyny belläp, bu giň gerimli düzümleýin taslamanyň Gyrgyzystanyň ykdysady özbaşdaklygyny berkitjekdigini aýtdy. Şeýle hem taslamany üstünlikli amala aşyrmak üçin daşary ýurtly hünärmenleriň tejribesiniň we başarnyklarynyň çekiljekdigi bellenildi.