“Samsung” kompaniýasy «Art Store» hyzmatyna Luwr muzeýiniň kolleksiýasyndan täze 34 sany sanly sungat eserini goşdy. Munuň bilen birlikde, degişli telewizorlaryň ulanyjylary üçin dünýä meşhur muzeýden jemi 51 eser, şol sanda Leonardo da Winçiniň «Mona Liza» suraty hem öý şertlerinde görkezmäge elýeterli boldy.
«Art Store» hyzmaty 115-den gowrak ýurtda hödürlenip, 800-den gowrak suratkeş hem-de dünýä galereýalary bilen hyzmatdaşlykda 5 müňden gowrak sanly sungat eserini özünde jemleýär. Täze toplum “Samsung”-yň 2025-nji ýyldaky degişli modellerinde (Neo QLED, The Frame hem-de başgalar) we 2026-njy ýylyň ähli täze panellerinde, şol sanda OLED-iň S95H ile S99H wersiýalarynda elýeterlidir.
PDF









