Kos­mos ar­ka­ly ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da de­mir­ga­zyk pol­ýus­da­ky bu­zuň çä­gi­niň 2024-2025-nji ýyl­lar­da 5,8% ki­çe­len­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Se­bi­tiň bu­zu­nyň çä­gi 1979-njy ýyl­dan bä­ri öl­çen­ýär. Ýe­riň de­mir­ga­zyk we gün­orta pol­ýus­la­ryn­da­ky buz gat­la­gy­nyň çä­gi gy­şy­na gi­ňel­ýär, tom­su­na ki­çel­ýär. Kä­bir ýyl­lar­da buz­luk­la­ryň çä­gi ulalýan bol­sa, kä ýyl ki­çel­ýär.
Bu ba­ra­da­ky yl­my işiň aw­to­ry, Ang­li­ýa­nyň So­ut­hemp­ton uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my Ales­sand­ro Sil­wa­no adat­ça, buz­lu­gyň ge­çen ýyl­da­ky ýa­ly köp muk­dar­da ki­çel­me­ýän­di­gi­ni, em­ma bu ýag­da­ýyň hä­zir­ki ho­wa şert­le­rin­de bo­lup bil­jek­di­gi­ni belleýär.
Buz­luk­lar di­ňe bir pol­ýus­laryň däl, eý­sem, bü­tin Ýer ýü­zü­niň ho­wa­sy­nyň ýag­da­ýy­na hem tä­sir ed­ýär. Ýer to­ga­la­gyn­da de­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da gyş pas­ly bo­lan­da, gü­nor­ta ýa­rym şar­da to­mus bol­ýar. Şol se­bäp­li de­mir­ga­zyk pol­ýus­da (Ark­ti­ka) gyş pas­ly hö­küm sür­ýän wag­ty gü­nor­ta pol­ýus­da (An­tark­ti­ka) to­mus bol­ýar. Bu ýag­daý pla­ne­ta­nyň ho­wa­sy­nyň de­ňag­ram­ly bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.