Berliniň 50 kilometr günortasynda ýerleşýän «Tropical Islands» seýilgähi dünýädäki iň uly ýapyk akwapark hasaplanýar. Gümmez şekilli bina öň harby uçarlar üçin angar bolup hyzmat edipdir. 2003-nji ýylda Malaýziýanyň Tanjong korporasiýasy dynç alyş merkezini gurmak üçin bu ýeri satyn alýar. Şeýlelikde, 2004-nji ýylda ýapyk meýdançada ýerleşýän, tropik adaly emeli seýilgäh açylýar. Germaniýanyň Brandenburg sebitindäki öňki «Brand-Briesen» howa meýdançasynda (Halbe etraby) täzeden gurlan tropik howaly ýapyk seýilgäh her gün 8 müň 200 adamy kabul edýär. Ýalazy meýdanda ýerleşýän emeli seýilgähde 600 adam işleýär.
640 gektar meýdany eýeleýän seýilgähde çuňlugy 1-1,5 metre ýetýän, uzynlygy 140 metre barabar «Südsee» emeli deňzi bar. Emeli deňziň 200 metr uzynlykdaky kenary edil hakyky deňizdäki ýaly çäge bilen gurşalyp, ösüp oturan palma agaçlaryny görmek bolýar. «Tropical Islands» seýilgähinde emeli deňizden başga-da, «Bali lagunasy» diýlip atlandyrylýan we 1 müň 200 inedördül metr meýdany eýeleýän, çuňlugy 1 metre golaý gök suwly meýdança ýerleşýär. Merkezinde kiçiräk ada bolan meýdançanyň gyrasynda typylýan egrem-bugram turbalardan düzülen dürli görnüşli attraksion güýmenjeler bar.
«Tropical Islands» ýapyk akwaparkyň howasy hemişe 26 derejede, çyglylygy bolsa 64 göterim derejede saklanýar. Ýylyň islendik möwsüminde elýeterli bolan bu seýilgähde çagalar we uly adamlar özüni edil deňiz kenarynda ýaly duýup, medeniýetli dynç alyp bilýärler. Esasan hem, tomsuna örän köp adamly bolýan akwaparkda iki sany uly howuz (emeli deňiz, gök suwly meýdança), Bali adalaryny ýadyňa salýan tropik oba, tropik adalar, top oýnalýan açyk çäge meýdançalary, woleýbol meýdançasy, güneşlemek üçin deňiz kenary, Amazonka meňzeýän tokaýjyklar bar. Seýilgähde 600 dürli görnüşli 50 müňden gowrak ösümlik ösýär. 2007-nji ýylda seýilgähde çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalarynyň gerimi giňeldilip, 4 müň inedördül metre ýetirilýär. Şeýle hem 27 metr beýiklikde ýokary pürkülýän, ýuwunmak üçin niýetlenen suw çüwdürimi gurulýar. Ulular üçin bolsa 6 sany aýry minerallaşdyrylan gyzgyn suwly gowaga meňzeş tegelek howuzlar açylýar.
Ilkibaşda ýapyk gurşawda ýerleşýän uly meýdançada deňziň we dynç alyş kenarynyň janlandyrylmagy ýönekeý iş ýaly görünse-de, 2005-nji ýylda seýilgähde ösümlikleriň ösmegi üçin Gün şöhlesiniň zerurlygy ýüze çykýar. Ýapyk akwaparkda zähmet çekýän hünärmenler bu meseläni çözmek üçin 20 müň inedördül metr ululykda penjire açmaly diýen karara gelýärler. Ýöne penjirä aýna däl-de, berk ftorpolimerden ýasalan, ultramelewşe şöhlesine garşy we Gün şöhlesini 95 göterime çenli geçirýän plýonka oturdylýar. Bu bolsa Gün şöhlesiniň zyýanly täsirini azaltmaga we ösümlikleriň edil tebigatdaky ýaly ösmegine ýardam edýär. Germaniýanyň iň täsin ýerleriniň biri bolan «Tropical Islands» seýilgähine her ýyl 1,2 million myhman barýar.
PDF









