Ber­li­niň 50 ki­lo­metr gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýän «Tro­pical Is­lands» se­ýil­gä­hi dün­ýä­dä­ki iň uly ýa­pyk ak­wa­park ha­sap­lan­ýar. Güm­mez şe­kil­li bi­na öň har­by uçar­lar üçin an­gar bo­lup hyz­mat edip­dir. 2003-nji ýyl­da Ma­laý­zi­ýa­nyň Tan­jong kor­po­ra­si­ýa­sy dynç alyş mer­ke­zi­ni gur­mak üçin bu ýe­ri sa­tyn al­ýar. Şeý­le­lik­de, 2004-nji ýyl­da ýa­pyk meý­dan­ça­da ýer­leş­ýän, tro­pik ada­ly eme­li se­ýil­gäh açyl­ýar. Ger­ma­ni­ýa­nyň Bran­den­burg se­bi­tin­dä­ki öň­ki «Brand-Brie­sen» ho­wa meý­dan­ça­syn­da (Hal­be et­ra­by) tä­ze­den gur­lan tro­pik ho­wa­ly ýa­pyk se­ýil­gäh her gün 8 müň 200 ada­my ka­bul ed­ýär. Ýa­la­zy meý­dan­da ýer­leş­ýän eme­li se­ýil­gäh­de 600 adam iş­le­ýär.
640 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän se­ýil­gäh­de çuň­lu­gy 1-1,5 met­re ýet­ýän, uzyn­ly­gy 140 met­re ba­ra­bar «Süd­see» eme­li deň­zi bar. Eme­li deň­ziň 200 metr uzyn­lyk­da­ky ke­na­ry edil ha­ky­ky de­ňiz­dä­ki ýa­ly çä­ge bi­len gur­şalyp, ösüp otu­ran pal­ma agaç­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. «Tro­pical Is­lands» se­ýil­gä­hin­de eme­li de­ňiz­den baş­ga-da, «Ba­li la­gu­na­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan we 1 müň 200 ine­dör­dül metr meý­da­ny eýe­le­ýän, çuň­lu­gy 1 met­re golaý gök suw­ly meý­dan­ça ýer­leş­ýär. Mer­ke­zin­de ki­çi­räk ada bo­lan meý­dan­ça­nyň gy­ra­syn­da ty­pyl­ýan eg­rem-bug­ram tur­ba­lar­dan dü­zü­len dür­li gör­nüş­li att­rak­si­on güý­men­je­ler bar.
«Tro­pical Is­lands» ýa­pyk ak­wa­par­kyň ho­wa­sy he­mi­şe 26 de­re­je­de, çyg­ly­ly­gy bol­sa 64 gö­te­rim de­re­je­de sak­lan­ýar. Ýy­lyň is­len­dik möw­sü­min­de el­ýe­ter­li bo­lan bu se­ýil­gäh­de ça­ga­lar we uly adam­lar özü­ni edil de­ňiz ke­na­ryn­da ýa­ly du­ýup, me­de­ni­ýet­li dynç alyp bil­ýär­ler. Esa­san hem, tom­su­na örän köp adam­ly bol­ýan ak­wa­park­da iki sa­ny uly ho­wuz (eme­li de­ňiz, gök suw­ly meý­dan­ça), Ba­li ada­la­ry­ny ýa­dy­ňa sal­ýan tro­pik oba, tro­pik ada­lar, top oý­nal­ýan açyk çä­ge meý­dan­ça­la­ry, wo­leý­bol meý­dan­ça­sy, gü­neş­le­mek üçin de­ňiz ke­na­ry, Ama­zon­ka meň­ze­ýän to­kaý­jyk­lar bar. Se­ýil­gäh­de 600 dür­li gör­nüş­li 50 müň­den gow­rak ösüm­lik ös­ýär. 2007-nji ýyl­da se­ýil­gäh­de ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen oýun meý­dan­ça­la­ry­nyň ge­ri­mi gi­ňel­di­lip, 4 müň ine­dör­dül met­re ýe­ti­ril­ýär. Şeý­le hem 27 metr be­ýik­lik­de ýo­ka­ry pür­kül­ýän, ýu­wun­mak üçin ni­ýet­le­nen suw çüw­dü­ri­mi gu­rul­ýar. Ulu­lar üçin bol­sa 6 sa­ny aý­ry mi­ne­ral­laş­dy­ry­lan gyz­gyn suw­ly go­wa­ga meň­zeş te­ge­lek ho­wuz­lar açyl­ýar.
Il­ki­baş­da ýa­pyk gur­şaw­da ýer­leş­ýän uly meý­dan­ça­da deň­ziň we dynç alyş ke­na­ry­nyň jan­lan­dy­ryl­ma­gy ýö­ne­keý iş ýa­ly gö­rün­se-de, 2005-nji ýyl­da se­ýil­gäh­de ösüm­lik­le­riň ös­me­gi üçin Gün şöh­le­si­niň ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Ýa­pyk ak­wa­park­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­ler bu me­se­lä­ni çöz­mek üçin 20 müň ine­dör­dül metr ulu­lyk­da pen­ji­re aç­ma­ly di­ýen ka­ra­ra gel­ýär­ler. Ýö­ne pen­ji­rä aý­na däl-de, berk ftor­po­li­mer­den ýa­sa­lan, ult­ra­me­lew­şe şöh­le­si­ne gar­şy we Gün şöh­le­si­ni 95 gö­te­ri­me çen­li ge­çir­ýän plýon­ka otur­dyl­ýar. Bu bol­sa Gün şöh­le­si­niň zy­ýan­ly tä­si­ri­ni azalt­ma­ga we ösüm­lik­le­riň edil te­bi­gat­da­ky ýa­ly ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ger­ma­ni­ýa­nyň iň tä­sin ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan «Tro­pical Is­lands» se­ýil­gä­hi­ne her ýyl 1,2 mil­li­on myh­man bar­ýar.