Ýewropa ýurtlary adatdan daşary yssy howa babatda saglygy goraýyş ulgamlaryny edil pandemiýa döwründäki ýaly taýýarlyk derejesine getirmelidir.  Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktory Hans Klýuge TASS habarlar agentligine beren beýanatynda aýtdy.

Krýuge munuň üçin saglyk ýagdaýy gowşak raýatlary, jemgyýetçilik binalarynyň serginlediji ulgamlaryny barlamak, açyk meýdanda zähmet çekýän adamlaryň iş tertibine üýtgetmeleri girizmek ýaly çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

BSGG-niň Ýewropa sebit guramasy özüne Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 53 ýurduny, şol sanda Russiýany, Türkiýäni, Kawkaz ýurtlaryny, Gazagystany, Gyrgyzystany hem-de Täjigistany birleşdirýär.