Ýurdumyzyň medeniýet we sungat äleminde, aýratyn-da milli estrada sungatymyzda tanalýan Türkmenistanyň halk artisti, ussat kompozitor, ussat sazanda we mahmal owazly aýdymçy Şamämmet Bäşimow aradan çykdy.

Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösüşine uly goşant goşan halypa kompozitor «Güneş» we «Dessan» ýaly meşhur aýdym-saz toparlarynyň düzüminde Polşa, Bolgariýa, Germaniýa, Wýetnam, Laos, Kipr ýaly ençeme daşary ýurt sahnalarynda şowly çykyş edip, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji ruhuny, dostlukly ýörelgelerini aýdym-saz arkaly dünýä ýaýdy. Onuň döreden 50-den gowrak özboluşly aýdymlary, teatr oýunlaryna we filmlere ýazan sazlary hem-de täzeden işlän halk heňleri milli estrada sungatymyzyň altyn hazynasyna ebedilik girdi.

Şamämmet Bäşimow 1948-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda dünýä inýär. Ol D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebini hem-de Sankt-Peterburg şäherindäki Döwlet medeniýet institutyny tamamlap, bütin ömrüni milli sungatymyza bagyşlady. Dürli ýyllarda Döwlet teleradio komitetinde, Türkmen döwlet filarmoniýasynda we Türkmen döwlet medeniýet institutynda zähmet çekip, köp sanly ýaş zehinleri terbiýeläp ýetişdirdi.

Ussat halypanyň döredijiligine degişli «Dünýä dursun, parahat», «Akja kepderi», «Bäri gel», «Şirmaýy darak», «Zülpüň seniň», «Owadan sen, owadan» ýaly aýdymlary bu günki gün hem estrada ýyldyzlary we ýaş aýdymçylar tarapyndan uly höwes bilen ýerine ýetirilýär.

Şamämmet Bäşimowyň milli medeniýetimizi ösdürmekdäki bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, ol Gahryman Arkadagymyz tarapyndan şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen, 2017-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Biz hem «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň döredijilik topary bolup, Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimowyň maşgalasyna, ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanjymyzy bildirýäris. Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!