Ähli transfer möwsüminiň doýmaz-dolmaz topary “Çelsi” düzümine ýene bir goragçy goşdy. “Çelsi” toparynyň “Kristal Palasyň” fransuz goragçy Maksens Lakruany transfer etjekdigi, hatda transfer edendigi barada gürrüňler köp wagtdan bäri bardy. Ine-de şol gürrüňler ahyry resmi taýdan ykrar edildi. “Çelsi” topary “Kristal Palasa” 26 ýaşyndaky merkezi goragçynyň transferi üçin 60,3 million ýewro tölär. Londonlylar Lakrua bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşdy.
“Soşoda” futbola başlan Lakrua 2020-24-nji ýyllarda “Wolfsburgda” oýnady. Londonyň “Kristal Palas” toparynda-da 2 möwsümde 98 oýunda meýdança çykyp, 4 gol geçirdi.
Lakrua “Çelsiniň” şu möwsümde düzümine goşan 5-nji futbolçysy bolup, londonlylar şol 5 transfer üçin 275 million funt sterling möçberine pul harçlady.
Lakruanyň transferinden soň “Çelsiniň” goragçylarynyň sany 13-e ýetdi. Toparyň transfer möwsümi tamamlanýança olaryň käbirlerini klubdan ugratmagyna garaşylýar.
PDF








